SOŇKY HABARLAR
KÖNEGALADAKY TÄZE BINA
Mary welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy esasynda “Owadan gala” hususy kärhanasy Baýramaly şäheriniň Könegala köçesiniň ugrunda 500 orunlyk täze mekdep jaýynyň gurluşygyny tamamlady. Şu okuw ýylynyň ilkinji güni ilkinji jaň kakylmagyna taýýarlanýan täze mekdep binasy, onuň abadanlaşdyrylan çäkleri we oňa çekilen täze ýol şäheriň ýyl-ýyldan özgerýän keşbine gözellik goşdy. Bu mekdep şäheriň soňky ýyllarda täze ýaşaýyş jaý toplumlary bilen giňeýän demirgazyk-gündogar kün...
TOM SOÝER «ARTIST» TEATRYNYŇ SAHNASYNDA
?ArtIst» teatrynda Mark Tweni «Tom Soýer» romanynyň äheňinde adybir spektakl goýulýar. Oýun goýujy režisýor Tatýana Öwezmyradowa we Çagalar teatr studiýasyna gatnaýan çagalar çet-gyraky amerikan dini mekdebinde Tom Soýeriň hem-de onuň dostlarynyň gabat gelýän üýtgeşik wakalaryny sahnada beýan etmegiň hötdesinden gelýärler. Ýaşajyk studiýaçylar ýüz elli ýyl töweregi mundan ozal medeniýeti gaýry başga yklymda ýaşan deň-duşlarynyň keşbini hyjuwly döredýär. Olaryň yhlasy ýerine-de düşýär. Spek...
LIMON KISLOTASY – SINTEZDEN ALYNÝAN ÖNÜM
Türkmenisntanyň YA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň biotehnologiýalar barlaghanasynyň alymlary mikroorganizmleriň fermentasiýasyna esaslanýan limon kislotasyny galyndysyz almagyň usulyny işläp taýýarladylar. Ol köp babatda amatly we tygşytly önümçilik üçin örän möhüm biotehnologik usuldyr. Kislota almak usuly daşky gurşawda giňden ýaýran, howada, suwda, toprakda ýaşaýan uşajyk kömelejiklerden — mikromisetalardan peýdalanmaga esaslanýar. Organiki maddalaryň köpüsi mikromisatalar arkaly fermentleş...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAÝTAGTYMYZYŇ TÄZE GURLUŞYKLARYNDAKY IŞLERIŇ ÝAGDAÝY BILEN TANYŞDY
Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyz boýunça uçuşy amala aşyryp, alnyp barylýan işler hem-de Aşgabadyň durmuş düzümini mundan beýläk-de toplumlaýyn kämilleşdirmegiň taslamalary bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz uçuşynyň dowamynda şäheriň täze gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýyna, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişine, şäheriň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen g...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI UKRAINANYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskä we ýurduň ähli halkyna Ukrainanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Wladimir Zelenskä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Ukrainanyň halkyna bolsa durnuklylyk, rowaçlyk arzuw etdi. https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65662/turkmenistanyn-prezidenti-ukrainanyn-prezidentini-gu...
TÜRKMEN-GERMAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2022-nji ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mihael Uwe Birhoff bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda Ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-german gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejedäki saparlaryň...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI RUMYNIÝANYŇ TÄZE BELENEN ILÇISINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Rumyniýanyň Türkmenistana täze belenen Ilçisi Ion Nawal bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow Rumyniýanyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa diplomatik wezipesinde üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdi. Şonuň ýaly-da, iki ýurduň arasyndaky özara hereketleri pugtalandyrmagyň meseleleri, şeýle-de ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyz...