SOŇKY HABARLAR
Gahryman Arkadagymyz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi garşylady. Myhmana gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi. Soňra bu ýerde Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystanyň döwlet Baştutanynyň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Ber...
Türkmen halykynyň Milli Lideriniň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmen halykyny Milli Lideri Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany mähirli garşylady. Belent mertebeli myhmana gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi. Soňra Türkmen halykyny Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň gysgaça ikiçäk duşuşygy geçirildi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ir...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri we Prezident Ilham Aliýew mähirli salamlaşyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny, Türkm...
Aşgabatda “Bitaraplygyň 30 ýyllygy” binasynyň açylyş dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda “Bitaraplygyň 30 ýyllygy” binasynyň açylyş dabarasy hem-de Bitaraplyk binasynyň meýdanynda baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi. Tegelek binagärlik toplumy hökmünde gurlan bu özboluşly bina ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen, hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan oňyn daşary syýasatynyň aýdyň nyşanydyr. Desganyň bitewüligiň we yzygiderli dialogyň nyşany hökmünde tegelek daşky binagärlik ke...
Türkmenistan bilen Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Býurosynyň we mynasyp zähmet meseleleri boýunça tehniki goldaw toparynyň direktory Mihail Puşkin bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatynyň ähmiýeti bellenildi....
Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Bilýana Miloşewiç bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahata, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Hal...
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 10-njy dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ýurdumyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän parahatçylyk döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähm...