SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BAE-NIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 9-njy martynda, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hameliniň arasynda gepleşikler geçirildi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşyldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüşiniň mümk...
TÜRKMENISTANDA ÇILI RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
2023-nji ýylyň 7-nji martynda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Çili Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rodrigo Enrike Arkos Kastrodan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň g...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KARARA GOL ÇEKDI
Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri halkara derejede azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we berkitmek bolup durýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlar bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasaty iş ýüzünde durmuşa geçirmek we halkara guramalar bilen geçirilýän çäreleri yzygiderli dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurş...
HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI DABARALAR
Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda “Arkadag Serdarly bagtyýar zenanlar” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Ata Watanymyza hem-de hormatly Prezidentimize beýan edilýän buýsanç sözleri ýurdumyzyň zenanlaryna bagyşlanyp geçirilen baýramçylygyň esasyny düzdi. Zenanlar halkymyzyň ruhy-ahlak taýdan baýlaşmagyna, Diýarymyzyň gülläp ösmegine, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan özgertmelerine öz goşantlaryny goşýarlar we...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ SEBITLEÝIN UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýew bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar “2022-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümetiniň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň wekilhanasy bilen bilelikde durmuşa geçirmegi meýilleşdirýän taslamalaryň meýilnamasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. 2023-nji ýyl üçin çäreleri...
ÇILI RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň we Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Çili Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Rodrigo Enrike Arkosyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurylyşyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçä ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça hemaýat etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Syýasy-diploma...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE HALKARA ZÄHMET GURAMASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara Zähmet Guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin mynasyp zähmet boýunça tehniki ýardam beriş edarasynyň, şeýle hem Halkara Zähmet Guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garadylar. Türkmenistanyň bu ha...