img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET GEŇEŞINIŇ PREMÝERI BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Hytaý Halk Respublikasyna ilkinji döwlet saparyna iki ýurduň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetlilik ýörelgeleri esasynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna täze itergi berjek möh...

DOWAMY
pic
6 Ýan

TÜRKMEN-HYTAÝ STRATEGIK HYZMATDAŞLYGYNYŇ BERKIDILMEGINE GÖNÜKDIRILEN RESMINAMALARYNYŇ TOPLUMYNA GOL ÇEKILDI

2023-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Pekinde ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda Bilelikdäki Beýannamana gol çekdiler. Iki dostlukly döwletleriň baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda däp bolan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen beýl...

DOWAMY
pic
6 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY AMALA AŞYRYLDY

2023-nji ýylyň 5-6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň täze ýylda daşary ýurda ilkinji saparynyň 6-njy ýanwarda bellenilen şanly sene — Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy bilen gabat gelendigini bellemek zerurdyr. 5-nji ýanwarda Prezidentimiziň uçary Pekiniň “Şoudu” Halkara howa menziline gelip gondy. Uçaryň ýanynda döwlet Baştutany...

DOWAMY
pic
2 Ýan

TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ JEMI BAHASY ABŞ-NYŇ 19 MILLION 904 MÜŇ DOLLARYNA BARABAR BOLDY

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, şeýle hem “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Azerbaýjanyň telekeçilerine nah ýüplügi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million...

DOWAMY
pic
1 Ýan

DÖWLETLILER KÖŞGÜNDE TERBIÝELENILÝÄN ÇAGALARA TÄZE ÝYL SOWGATLARY GOWŞURYLDY

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň zalynda Täze ýyl mynasybetli dabara geçirildi, onuň dowamynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Ösüp gelýän ýaş nesliň abadançylygyny hem-de sazlaşykly ösüşini, olaryň saglygynyň berkidilmegini üpjün etmek, döwrebap bilim almak üçin mümkinçilikleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy...

DOWAMY
pic
31 Dek

TÜRKMENISTAN TÄZE, 2023-NJI ÝYLY ULY ÜSTÜNLIKLER, BEÝIK MAKSATLAR BILEN GARŞYLADY

Şu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şöhratly işlerini dowamata atarjak täze, 2023-nji ýyly şatlyk we dabara bilen garşylaýar. Täze ýyl baýramy ýurdumyzyň şäherlerinde, şäherçelerinde, obalarynda giňden we dabaraly bellenilýär. Bagtyýar çagalar bezelen arçalaryň daşyndan gol tutuşyp aýlanýarlar. Täze ýyl mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlary — meşhur estrada aýdymçylary, wäşiler, tans toparlary hem-de teatr artistl...

DOWAMY
pic
29 Dek

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ KARARY 2023-NJI ÝYLY «ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR ÝYLY» DIÝIP YGLAN ETMEK HAKYNDA

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her güni şanly wakalara hem-de zähmet üstünliklerine beslenýär. Tamamlanyp barýan ýyl Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň geçirilen, Berkarar döwletiň täze eýýamyna gadam basylan we möhüm ähmiýetli syýasy wakalaryň, şeýle hem ägirt uly durmuş-ykdysady, medeni özgertmeleriň amala aşyrylýan döwri hökmünde taryha girýär....

DOWAMY