img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
29 Dek

AÇYKLYK WE ÖZARA DÜŞÜNIŞMEK — NETIJELI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen hem-de özbek halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Özbegistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýär. Şol gatnaşyklar...

DOWAMY
pic
29 Dek

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ WE DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ BILELIKDÄKI MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Mejlisiň ýolbaşçysy geljek 2023-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tara...

DOWAMY
pic
29 Dek

«GYZYL ALMA» HEKAÝATY EKRANLAŞDYRYLDY

Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda «Gyzyl alma» atly filmiň tanyşdyrylyş dabarasy we ilkinji görkezilişi boldy. Filmiň ýordumy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda berlen hekaýatlaryň biri esasynda surata düşürildi. Oňa Hekim Alowow režissýorlyk etdi. Film aw gözlegine çykyp, ajaýyp bir baga düşen Mergen atly ýaş awçy hakda gürrüň berýär. Bu ýerde ol tötänden bagbanyň gyzy Alma duşýar. Gyzyň gözelligine maýyl bolan ýigit bada-bat aşyk bolýar we...

DOWAMY
pic
29 Dek

OBA HOJALYKÇY ALYMLARYŇ DÖREDIJILIKLI ZÄHMETI

Dekabr aýy geçip barýan ýylyň netijeleri jemlenýän we täze wezipeleri ýerine ýetirmäge taýynlyk görülýän wagtdyr. Aýaklap barýan ýylda Türkmenistanyň oba hojalykçy alymlary senagaty çig mal bilen üpjün etmek we ýurdumyzda azyk bolçulygyny ösdürmek ýaly meseleleri çözmäge gönükdirilen önümçilik ugrunda uly işler alyp bardylar. Ol oba hojalyk ylmynyň dürli ekinleriň ýokary hasylly görnüşlerini köpeltmek, ýerleriň şorlaşmagyny azaltmak we hasyllylygy ýokarlandyrmagyň täze biologik usullaryny ornaşd...

DOWAMY
pic
29 Dek

«ALTYN ASYR» – TÜRKMENISTANYŇ NAÝBAŞY KUBOGYNYŇ SEKIZ GEZEK EÝESI

Paýtagtymyzyň «Altyn asyr» toparynyň futbolçylary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny eýelediler. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary bu üstünligi jemleýji duşuşykda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» toparyny 3:1 hasabynda utup gazandy. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan döredilen Naýbaşy kubok ugrundaky ýaryş ýurdumyzyň çempiony bilen Kubogynyň eýesiniň arasynda 2005-nji ýyldan bäri geçirilýär. Geçen ýyl «Altyn asyr» çempionaty utdy, «Şagadam» bolsa Türkmenistanyň Kubogyny aldy....

DOWAMY
pic
28 Dek

TALYPLAR BILIMLERINI KÄMILLEŞDIRÝÄRLER

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýaşlary öz ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge we institutda alan bilimlerini durmuşda ulanmaga gönükdirýän birnäçe çäre geçirildi. Talyplar «Täze ýylyň öňýanyndaky netijeler. Öz ukyp-başarnygyňy ösdürmek» atly ýörite maslahata gatnaşdylar. Maslahatda tälimçi Sylap Ataýew öz-özüňi kämilleşdirmek temasyndan çykyş etdi. Tälimçi hünär saýlananda, geljekki işiň diňe bir maddy girdeji getirmek däl, eýsem lezzet hem bermegi üçin nämeden...

DOWAMY
pic
28 Dek

PAÝTAGTYMYZDA BAÝRAMÇYLYK MYNASYBETLI TÄZE BINALARYŇ AÇYLYŞ DABARASY BOLDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günbatar künjeginde täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň, umumybilim berýän mekdebiň, çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň we beýleki desgalaryň açylyş dabarasy boldy. Bu durmuş maksatly taslama ýurdumyzyň baş şäheriniň çäkleriniň giňelmegi, şäher ilatynyň sanynyň artmagy nazara alnyp işlenip taýýarlanyldy. Häzirki döwürde Aşgabadyň bu künjeginde döwrebap ýol-ulag düzümi, şäher ilatynyň amatly durmuşyny...

DOWAMY