SOŇKY HABARLAR
AŞGABAT TÄZE ÝYLYŇ ÖŇÝANYNDA BAÝRAMÇYLYK ÖWÜŞGININE BESLENDI
Türkmenistanyň ak mermere beslenen paýtagtyny ýetip gelýän Täze ýylyň öwüşginleri gurşap aldy, yşyklandyryjy serişdeleriň ýagtylygy Aşgabady bezedi. Agşamyň düşmegi bilen yşyklar ýagty saçýar we şäher dessine täsin ertekä meňzeýär. Baýramçylyk görnüşleri merkezi meýdançalarda, uly şaýollaryň ugurlarynda, seýilgählerde we şäheriň her künjeginde şugla saçýar. Täze ýyl yşyklarynyň jadylaýjy öwüşgini ýurdumyzyň ýetip gelýän Täze – 2023-nji ýyly şatlykly hem-de şowhunly garşylamaga taýýardygyndan...
SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRIŇ TÜRKMENISTANA IŞ SAPARYNYŇ ÇÄGINDE BOLUP GEÇEN ÇÄRELER
2022-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Türkmen-Saud Arabystany diplomatik simpoziumy geçirildi. Oňa TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri, şeýle hem Saud Arabystan Patyşalygynyň Daşary işler ministliginiň ýanyndaky Şazada Saud Al-Faýsal adyndaky Diplomatik barlaglary institutynyň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda Türkmenist...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SAUD ARABYSTANYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 19-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Saudyň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna rowaçlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda dostlukly ýurduň Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy pugtal...
TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ JEMI BAHASY ABŞ-NYŇ 33 MILLION 727 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Maltanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň telekeçileri nah ýüplügi, tekiz boýalan we žakkard tüýjü...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BMG-NIŇ STATISTIKA MÜDIRLIGINIŇ DEMOGRAFIÝA STATISTIKASY BÖLÜMINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
2022-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen BMG-niň hünärmenleriniň wekilýetiniň ýolbaşçylygyndaky BMG-niň Statistika müdirliginiň Demografiýa statistikasy bölüminiň başlygy jenap Srdjan Mrkiç bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň esasy temasy, halkara ülňülerine laýyklykda 2022-nji ýylda Türkmenistanda Ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmegiň çägindäki hyzmatdaşlyk boldy. Türkmenista...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE SAUD ARABYSTANYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERIŇ ARASYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Türkmen paýtagtyna gelen Saud Arabystan Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudyň arasynda gepleşikler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri, şol sanda ozal gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişiniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ýo...
DÖWRÜŇ TALABYNDAN UGUR ALYP
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy, «Mynasyp bereket» hususy kärhanasy ildeşlerimiziň Taze ýyl saçagy üçin onlarça azyk önümini hödürleýär. Olaryň arasynda «Agorik» atly öndürilen tagamly, hoşboý ysly köke we guradylan çörek bölejikleri, ýeňiljek nahar görnüşindäki beýleki iýmit önümleri, berhizliler üçin gara çörek we peýniriň käbir görnüşleri bar. Bu önümler häzirki wagtda diňe Daşoguz welaýatynda däl, eýsem ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde hem bellidir. Ýurdumyzyň...