img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Dek

YGTYBARLY SUW ÇEŞMESI

?Daşoguzörisuw» abatlaýyş we gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleri ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ýerleşýän uzak öri meýdanlaryndaky iki guýynyň – «Ajy guýy-1» we «Ajy guýy-2» durkuny täzeleýärler. Olaryň amala aşyrýan işleri bu ýerasty suw çeşmeleriniň hyzmat ediş möhletini uzaltmaga we berimini dikeltmäge mümkinçilik döreder. Durky täzelenenden soň, olaryň her biri uly meýdany suwarmaga ukyply bolar. Daşoguz welaýatynda uzak öri meýdanlaryny ösdürmek üçin görülýän ulgamlaýyn çäreleriň aras...

DOWAMY
pic
16 Dek

“ÝYLYŇ PARLAK ÝYLDYZY” ESTRADA BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJISI KESGITLENILDI

Şu gün paýtagtymyzda asylly däbe görä, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän şanly wakalaryň biri bolan “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Türkmenistanda ýaş estradaçylaryň arasynda geçirilýän dürli çäreler, şol sanda “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşigi ýaşlaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga, ýerine ýetirijileriň hünär taýdan kämilleşmegine, ýurdumyzyň häzirki zaman aýdym-saz medeniýetiniň ösdürilmegine goldaw bermäge gö...

DOWAMY
pic
16 Dek

TÜRKMENISTANDA ILATYŇ WE ÝAŞAÝYŞ JAÝ GORUNYŇ UÇDANTUTMA ÝAZUWY GEÇIRILÝÄR

17-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek» şygary astynda tutuş ýurdumyz boýunça ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy başlanýar. Ilat ýazuwynyň esasy wezipesi ýurdumyzyň ilatynyň demografik düzümi, durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almakdan ybaratdyr, şeýle maglumatlar döwlet syýasatyny işläp taýýarlamak, meýilnamalaşdyrmak hem-de dolandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedir. Ilatyň sanynyň b...

DOWAMY
pic
15 Dek

TÜRKMENISTANYŇ SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER PARTIÝASYNYŇ IV GURULTAÝY

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdaky IV gurultaýy geçirildi. Paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gatnaşyjylary bir ýere jemlän gurultaýyň dowamynda geçen döwürde alnyp barlan işlere seljerme berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe TSTP-niň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi, birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy. Gurultaýyň işine gatnaşmaga ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik gur...

DOWAMY
pic
15 Dek

ÝURDUMYZYŇ TÄZE ÝYL BAŞ ARÇASYNYŇ YŞYKLARY NUR SAÇDY

Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Bu dabara, adatça, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda geçirilýär. Ýola goýlan däbe görä, paýtagtymyzda Köpetdagyň etekleriniň täsin tebigy künjekleriniň birinde ýerleşen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdança dabaralaryň merkezine öwrüldi. Bu ýerde iň owadan belent arça oturdylyp, ertekiler şäherjigi giňden ýaýbaňlandyryldy. Dürli öwüşgin saçýan şarlardyr çyrajyklar, yşyklandyryjy bezegle...

DOWAMY
pic
15 Dek

2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN TÜRKMENISTAN BILEN BMG-NYŇ ARASYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNY DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA MEJLIS BARADA

2022-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda gibrid görnüinde, 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen BMG-nyň arasynda durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki dolandyryş komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Aşgabatdaky BMG gurluş düzümlerini...

DOWAMY
pic
15 Dek

“AWAZA” MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA DOSTLUKLY DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ BIRINJI ÜÇTARAPLAÝYN SAMMITI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda birinji üçtaraplaýyn sammit geçirildi. Ir bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Awazadaky Kongresler merkezine geldiler. Bu ýerde sammitiň öňüsyra...

DOWAMY