SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ABŞ-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISINI KABUL ETDI
5-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçisi Metýu Stiwen Klimowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda häzirki zaman halkara we sebit ähmiýetli birnäçe mowzuklar boýunça hem-de, iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň geljekde has hem berkemeginiň zerurlygyny nygtamak bilen, söhbet...
KHBS ÜÇIN HABAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi soňky günlerde Özbegistan Respublikasynyň Garagalpagystan Respublikasynda bolup geçýän wakalara alada bilen seredýändigi barada habar berýär. Türkmen tarapy Özbegistan Respublikasynyň ýolbaşçylygynyň ýurtdaky konstitusion tertibiniň we kanunyň goralmagy, şeýle hem ýaşaýjylaryň howpsuzlygyny we asudalygyny goramak üçin öz wagtynda we aýgytly hereketlerini goldaýar. Halkyň köpasyrlyk paýhasy, tejribesi we öňdengörüjiligi ýaly häsiýetleri ýüze çykýan ä...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler baradaky meselelere garalyp, öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibine geçip, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim sebitdäki möwsümleýin işler...
TAMAMLANAN HEPDE SÖWDANYŇ ÝOKARLANÝANDYGY BILEN TAPAWUTLANDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň telekeçilerine nah ýüplük, tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümleri ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 800 müň doll...
GYLYÇMYRAT ÝARMÄMMEDOWYŇ DÖREDIJILIGINDE TÜRKMEN HALKYNYŇ TARYHY
Ýakynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Gylyçmyrat Ýarmämmedow paýtagtymyzyň Sergi merkezinde ogullary bilen bileliikde şekillendiriş sungatynyň muşdaklaryna heýkelleri bilen çuňňur täsir eden şahsy maşgala sergisini gurady. Gylyçmyrat Ýarmämmedowyň 20 sany işi Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş muzeýinde, gara granitden ýasalan «Türkmen gelni» – Moskwada Tretýakow galereýasynda, «Mežnun» heýkeli – Babasary Annamyradowyň şahsy ýygyndysynda saklanýar. Heýkeltaraşyň köp işi paýtagtymyz Aşgabady we...
DIM-DE BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNYŇ BAŞ DIREKTORYNYŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktorynyň orunbasary Çjan Sýançen bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda Türkmenistanyň we BSG-niň arasynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilendigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň fewralynda BSG-niň Baş geňeşiniň dowamynda...
TÜRKMENISTANYŇ TENNIS FEDERASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY SAÝLANDY
32 ýaşly sport ussady Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) täze başlyklygyna saýlandy. Onuň saýlanmagy üçin Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de paýtagtymyzdan gatnaşan 42 adam bir agyzdan ses berdi. 2018-nji ýyldan bäri E. Döwletow TTF-niň baş sekretary wezipesini eýeläp geldi. Şoňa çenli türgen bolmak bilen, 2013-nji ýylda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde Dewisiň Kubogy ugrundaky zonal ýaryşyň (Aziýa we Okeania...