SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň alyp barýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirilýär. “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan üýtgetme...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ M.M.BABAÝEW HAKYNDA PERMANY
Maksat Mämmetsaparowiç Babaýewi Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesine belläp, ony «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 13-nji maýy. Türkmenistanyň Prezidentiniň M.M.Babaýew hakynda Permany (turkmenistan.gov.tm)
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ B.A.AMANOW HAKYNDA PERMANY
Batyr Amangeldiýewiç Amanowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 13-nji maýy. Türkmenistanyň Prezidentiniň B.A.Amanow hakynda Permany (turkmenistan.gov.tm)
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ A.BEGLIÝEW HAKYNDA PERMANY
Aşyrguly Begliýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 13-nji maýy. Türkmenistanyň Prezidentiniň A.Begliýew hakynda Permany (turkmenistan.gov.tm)
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÝÖRITE WEKILINI KABUL ETDI
2023-njio ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary (ministr derejesinde) Ma Çžaosýuýy kabul etdi. Ma Çžaosýuý Türkmenistanyň Prezidentine Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny ýetirdi we şu ýylyň 18-19-njy maýynda geçiriljek “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmaga iberen çakylygyny gowşurdy. Şunuň bilen baglylykda, ol hormatly Prez...
TÜRKMEN-HYTAÝ HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýewiň, Aşgabada iş sapary bilen gelen, Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ma Çžaosýuý bilen gepleşikleri geçirildi. Taraplar geňeşmeleriň çäginde ikitaraplaýyn gün tertibindäki dürli meseleler boýunça pikir alyşdylar. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, giňişleýin strategiki hyzmatdaşlygyň türkmen-hytaý gatnaşykla...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY TAMAMLANDY
2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy. Saparyň ikinji güni Hökümet kabulhanasynyň “Mejlisler” zalynda Türkmenistanyň Baştutanynyň Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşygy boldy. Täjigistanyň Hökümetiniň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny, ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň, onuň jemleri boý...