SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN-ÇEHIÝA: YKDYSADY ULGAMDA HYZMATDAŞLYK UGURLARY
2022-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň we Çeh Respublikasynyň söwda-ykdysady ulgamynyň wekilleri göni wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde duran möhüm meselelere garadylar. Hususan-da wodorod energetikasy, ykdysady hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn hukuk binýadyny ösdürmek, Söwda-senagat edaralarynyň we işewürleriň arasynda gatnaşyklary berkitmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Wodoro...
«DEŇIZÇI» FUTZAL BOÝUNÇA BALKAN WELAÝATYNYŇ KUBOGYNY EÝELEDI
?Deňizçi» futzal topary Balkan welaýatynyň Kubogyny eýeledi. Bu üstünlige Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň topary finalda «Gumdagy» 8:1 hasap bilen utup ýetdi. Kubok ugrunda ondan öňki tapgyrda ikä bölünen 7 topar bäsleşdi. Iki-iki iň gowy toparlar ýarymfinal jübütleri emele getirdiler. Onda «Gumdag» BTUM-y 3:2 hasap bilen ýeňdi, «Deňizçi» bolsa TNDK-dan 12:0 hasap üstün çykdy. Jemleýji duşuşygyň başynda «Gumdag» 1:0 hasap bilen öňe çykyp, bu ýagdaýy 10-njy minuda çenli saklady. Emma...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ISLANDIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Islandiýanyň Prezidenti Gwýudni Ýouhannessona hem-de ýurduň ähli halkyna milli baýram — Respublikanyň jar edilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gwýudni Ýouhannessona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Islandiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64135/turkmenistanyn-prezid...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-IŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTY BÄSLEŞIK YGLAN ETDI
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Dialog ‒ parahatçylygyň kepili. Halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy» atly halkara bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň we GDA agza döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplary, magistrleri, ýaşy 30-dan uly bolmadyk ýaş mugallymlary, aspirantlary, ylmy işgärleri özüniň ýa-da awtordaşlykda ýazan, öň hiç ýerde çap edilmedik türkmen, rus, iňlis dillerindäki ylmy makalalary bilen gatnaşyp bilerl...
“TÜRKMENISTANDA ÖNDÜRILEN” MILLI NYŞANY HARYTLARYŇ HILINIŇ WE MILLI YKDYSADYÝETIMIZIŇ BÄSDEŞLIGE UKYPLYLYGYNYŇ GÖRKEZIJISIDIR
Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 22-nji aprelinde geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda öndürilen» milli nyşanyny işläp taýýarlamak baradaky teklibi makullady. Döwlet Baştutanymyz durmuş ugurly syýasatymyz bilen baglylykda, bu meseläniň wajypdygyny nygtap, haryt nyşanyny döretmekde täze çemeleşmeleri gözlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi we türkmen dizaýnerleriniň bu ulgamdaky dünýä ölçeglerinden, öňdebaryjy tejribeden ugur almalydyklaryny, sanly ulgamyň mü...
ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ JOGAPKÄR SEKRETARY BILEN HHR-NYŇ ILÇISINIŇ ARASYNDAKY DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowanyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamdaky, şol sanda Ýüpek ýolunyň arheologiki barlaglary boýunça hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Hususan-da bu ugu...
TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDAKY GEPLEŞIKLER
2022-nji ýylyň 15-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynda bu ýurda resmi sapar bilen gelen Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýokary derejedäki gepleşikleri geçirildi. Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki ýurduň Prezidentleriniň ikiçäk görnüşdäki duşuşygy boldy. Gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygyň özarabähbitli tagallalaryň birleşdirilmegi üçin täze mümkinçilikleri açýan möhüm ugurlar...