RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Iýun

«FRANKFONIÝA-2022» BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI YGLAN EDILDI

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistandaky fransuz institutynyň (TFI) howandarlygynda geçirilen «Frankofoniýa-2022» bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijilere baýraklary gowşurmak dabarasy geçirildi. Bäsleşige paýtagtymyzdaky fransuz dili öwredilýän orta mekdepleriň okuwçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary şeýle hem TFI-de okaýanlar we fransuz dili boýunça öz bilimini hem ukybyny görkezmek isleýänler gatnaşdylar. Halkara Frankofoniýa güni her ýylyň 20-nji martyn...

DOWAMY
pic
15 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY BAŞLANDY

2022-nji ýylyň 14-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady. Tähranyň “Mehrabad” Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Eýran Yslam Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Kabul edýän tarapyň wekili bilen howa menziliniň resmi wekiliýetler otagynda geçen gysga söhbetdeşligiň dowamynda soňky wagtda ýola goýlan köpugurly hyzmatdaşlygyň ýokary derejes...

DOWAMY
pic
15 Iýun

MANAMADA TÜRKMEN-BAHREÝN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 14-nji iýunynda Manama şäherinde Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, bahreýn tarapyna Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler minsitriniň Halkara işleri boýunça orunbasary Şeýh Abdulla bin Ahmed bin Abdulla Al Halifa ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda diplomatlar iki döwletiň abraýly halkara guramalaryň, ilkinji...

DOWAMY
pic
14 Iýun

TÜRKMENISTAN AZIÝA-2023 KUBOGYNYŇ SAÝLAMA OÝNUNDA BANGLADEŞI UTDY

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň futbolçylary Malaýziýada dowam edýän Aziýa-2023 Kubogynyň saýlama ýaryşynda «E» toparda Bangladeşi 2:1 hasabynda utdy. Altymyrat Annadurdyýew (7-nji minut) we Arslanmyrat Amanow (77-nji minut), Mohammäd Ibrahim (12-nji) tapawutlandylar. Bu duşuşyk Kuala-Lumpuryň «Bukit Jälil» stadionynda 5598 ganköýeriň tomaşa etmeginde geçirildi. Toparlaryň ikisi-de ýaryşy şowsuz başlady. Türkmenistanlylar birinji tapgyrda 1:3 hasap bilen Malaýziýadan asgyn geldi, bangl...

DOWAMY
pic
13 Iýun

TDHÇMB-NYŇ SÖWDA GELEŞIKLERIŇ BAHASY ABŞ-NYŇ 134 MILLION 755 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýe Respublikasynyň we Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen EСO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna nah ýüplük hem-de jins ma...

DOWAMY
pic
13 Iýun

TÜRKMENISTANDA GÜNEŞLI TOMUS HOWASY GÜÝJE GIRDI

Türkmenistanda hepdäniň dowamynda +40 gradus yssy howa dowam eder. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolar. Howa gündizlerine +38…+40, gijelerine +25…+26 gradus bolar. Hepdäniň ahyrynda şemalyň güýçlenmegine garaşylýar, käbir ýerlerde az-kem ýagyş ýagmagy mümkin. Ahal welaýatynda az bulutly howa bolar. Howa gündizlerine +38°…+42 gradusa çenli gyzyp, gijelerine +28°…+29 gradusa çenli pese düşer. Balkan welaýatynda güneşli açyk howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +37…+40, gi...

DOWAMY
pic
13 Iýun

BERLINDE TÜRKMENISTAN BILEN GERMANIÝANYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ÇÄRE GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda Berlinde Türkmenistanyň Germaniýadaky Ilçihanasy Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirdi. Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynyň “Lihthof” galereýasynda geçirilen bu çärä ýurduň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Germaniýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik-ylmy guramalarynyň we nemes kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy. Çäräniň...

DOWAMY