SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA TÜRKMEN-FRANSUZ SYÝASY MASLAHATLARY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 16-17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we Daşary işler ministrliginiň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, Fransiýa tarapyna Fransiýanyň DIM-niň Kontinental Ýewropa bölüminiň müdiriniň orunbasary Silwen Gýoge ýolbaşçylyk etdi. Geçirilen duşuşyklaryň çäginde syýasy,...
TÄZE TOPLUM KEMALA GELÝÄR
Daşoguz şäherinde halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda gurulýan täze ýaşaýyş toplumynyň sudury barha aýdyňlaşýar. Onuň gurluşygyna sebitdäki köp gurluşyk kärhanasy, şol sanda hususy telekeçilik düzümlerine degişli kärhanalar-da gatnaşýar. Bu toplum şu günler ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyň dolandyryş merkezinde gurulýan ýaşaýyş etrapçalarynyň iň ulusydyr, şonuň üçin-de bölünip berlen 71 gektar meýdanda birnäçe ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn gurlar. Ol giňligi we amatlylygy bilen tapawutla...
TÜRKMENISTAN GAZ PUDAGY KÄMILLEŞDIRÝÄR
Türkmenistanda satlyk gaz ätiýaçlyklaryny üpjün etmek maksady bilen, ilkinji gezek ýerasty ammar desgalaryny gurmak boýunça taslama durmuşa geçiriler. Ony durmuşa geçirmek işine halkara tejribesine laýyklykda iş alyp barmagy, şeýle hem tehniki-ykdysady esaslandyryşy, taslamany taýýarlamagy, enjamlaşdyrmagy we gurluşyk işlerini amala aşyrmagy üçin, halkara geňeş kompaniýalary çekmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa ägirt uly gaz goruny ýurdumyzyň içinde tygşytly we netijeli ulanmakda, şeýle hem eksport...
2022-NJI ÝYLYŇ DEKABRY: TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DAŞARY SYÝASY BAŞLANGYÇLARYNDAN UGUR ALYP
Geçen ýylyň soňky aýy halkara ähmiýetli wakalara baý boldy. Dekabr aýynda geçirilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki duşuşyklar, gepleşikler, maslahatlar Garaşsyz Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Açyk gapylar» syýasatyndan ugur almak bilen, sebit hem-de ählumumy ösüşiň möhüm meselelerini çözmekde işjeň orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Dekabr aýy ähmiýetli waka bilen başlandy. Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatyň ekin meýdanlaryndaky oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda...
TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK BOÝUNÇA MERKEZI TOPARYŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ol Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek baradaky meselelere bagyşlandy. Mejlise merkezi saýlaw toparlarynyň agzalary, merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, ýurdumyzyň syýasy partiýalaryny...
ELEKTRIK ENERGIÝASYNYŇ ÖNDÜRILIŞI ÝOKARLANÝAR
Garaşsyzlyk ýyllarynda kuwwatlylygy düýpli artdyrylan Balkanabat döwlet elektrik bekediniň täze önümçilik desgalarynda elektrik energiýasynyň öndürilişi üç essä barabar artdyryldy. Netijede, bu beket ýurdumyzda kuwwatlylygy boýunça elektrik energiýasyny öndürýän güýçli gaz turbinaly desgalaryň birine öwrüldi. Kärhanada geçen ýylyň jemi boýunça 2,2 milliartdan gowrak kilowatt sagat elektrik energiýasy öndürilip, sarp edijilere bökdençsiz ýetirildi. Munuň özi, geçen ýylyň iş meýilnamasynyň 108,...