SOŇKY HABARLAR
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNA SAPARY TAMAMLANDY
2-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde Medine şäherine bardy. Irden hormatly Prezidentimiz Mekgeden Jidda şäherine geldi. Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň uçary musulmanlar üçin ähmiýeti boýunça ikinji şähere — Medinä ugrady. Bir sagada golaý wagtdan uçar Şazada Muhammed bin Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline gelip gonýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy M...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ŞA ZENANY ÝELIZAWETA II GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany Ýelizaweta II tagta geçmeginiň 70 ýyllygy — platina ýubileý baýramy hem-de doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. “Geçen ýyllaryň dowamynda Siz öňdengörüjilikli syýasatyňyz we ýadawsyz zähmetiňiz netijesinde bütin dünýäde belent abraýa eýe bolduňyz” diýlip, Gutlagda nygtalýar....
BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI TÜRKMENISTANYŇ OWGANYSTANDAKY (HYRAT Ş.) BAŞ KONSULLYGY TARAPYNDAN GURALAN WELOSIPED ÝÖRIŞI
2022-nji ýylyň 2-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli, Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat ş.) Baş konsullygy tarapyndan Hyrat şäheriniň merkezi stadionynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda köpçülikleýin welosiped ýörişi guraldy. Bu sport çäresine Hyrat welaýatynyň welosipedçileri, ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri we Hyratdaky daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri hem gatnaşdylar. Welosiped ýörişinde tapawutlanan welosipedçilere konsullyk tarapyndan Tür...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ UMRA HAJYNY BERJAÝ ETMEK ÜÇIN SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNA IKI GÜNLÜK SAPARY BAŞLANDY
2022-nji ýylyň 1-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük sapary başlandy. Uçuşyň dowamynda Arkadagly Serdarymyz bilen bilelikde keramatly ýerlere zyýarata ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan ýaşulular we ak gyňaçly eneler yslam dünýäsinde mukaddes çäreleriň biri hasaplanýan umra hajyny berjaý etmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. D...
«GARAGUMUŇ TEBIGATY» ATLY MAGLUMAT MERKEZI AÇYLDY
?Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň Çalyş ylmy-tejribe merkezinde «Garagumuň tebigaty» atly baryp görmek mümkinçiligi döredilen maglumat merkeziniň resmi açylyşy boldy. Bu merkez Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de Mihael Zukkowyň tebigaty goramak baradaky gaznasynyň (MSF, Germaniýa) bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde döredildi. Baryp görmek mümkinçilikli maglumat merkezi türkmeniň ak öýi görnüşinde (40 inedördül metr) bolup, Gün arkaly işleýän...
GÜNDOGARYŇ ŞAHYRY FIRDÖWSINIŇ HATYRASYNA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
31-nji maýda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmem milli dünýä dilleri institutynda Gündogaryň şahyry Abulkasym Firdöwsiniň hatyrasyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçdi. Çärä institutyň talyplary, mugallymlary, Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Golam Abbas Arbab Hales, eýran diplomatlary, pars dili we edebiýaty mugallymlary we alymlar, jemgyýetçilik guramalrynyň wekilleri, şeýle hem Gündogar edebiýatynyň muşdaklary gatnaşdylar. Döwletmämmet Azady adyndaky...
TÜRKMEN SAMBOÇYLARY LIWANDA GEÇÝÄN AZIÝA ÇEMPIONLYGYNDA BÄSLEŞIGE BAŞLAÝARLAR
2-nji iýunda Liwanyň Juniýa şäherinde başlanýan sambo boýunça Aziýa çempionlygyna Türkmenistandan 27 türgen gatnaşar. Ýaryşyň guramaçylarynyň habar bermegine görä, yklymyň ýaşlar ýaryşynyň barşynda ýigitler we gyzlar sport sambosy boýunça 8, ýetginjek oglan-gyzlar bolsa ‒ 7 agram toparynda göreş tutarlar. Aziýa çempionlygynyň barşynda hem erkekleriň, hem aýallaryň arasynda sport we söweş sambosy boýunça ýaryşlar geçiriler. Çempionlyga 20-den gowrak ýurtdan toparlaryň gatnaşmagyna garaşylýa...