SOŇKY HABARLAR
BAÝ MILLI MIRASYMYZY WASP EDÝÄN SERGI GURNALDY
2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň 21-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň baş binasynyň eýwanynda Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen Mary şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebi bilelikde göçme sergini gurnadylar. Muzeýiň ylmy işgärleri türkmen halkymyzyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý milli mirasynyň ýaşlaryň terbiýesindäki möhüm orny, olarda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ruhubelentlik ýaly asylly häsiýetleri ösdürmekdäki ähmiýeti dogrusynda se...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY
2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Iki dostlukly ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtyň Halkara howa menzilinde Özbegistanyň ýolbaşçysy resmi adamlar tarapyndan garşylandy. Bellenen gowy däbe görä, milli eşikli bir oglan we gyz Özbek liderine çörek-duz we gül sowgat etdiler. Howa menzilindäki gysga wagtlyk söhbetdeşlikden soňra Özbegistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni bu ýerden sapar...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SEBIT MESELELERINDE TÜRKMEN-ÖZBEK HYZMATDAŞLYGYNA ÝOKARY BAHA BERDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sebit işlerinde türkmen-özbek hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi. Döwlet Baştutanymyz bu barada resmi sapar bilen Aşgabat şäherine gelen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçirilen gepleşiklerde aýtdy. Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek, ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga synanyşyklara, terrorçylyk, ekstremistik, radikal ýüze çykmalara ýol bermezlik iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugrudyr diýip, horm...
TÜRKMENISTAN WE ÖZBEGISTAN OWGANYSTANDA PARAHATLYGY ÜPJÜN ETMEK IŞINE GATNAŞMAGYNY DOWAM ETDIRER
Türkmenistan we Özbegistan Owganystanda parahatlygy we durnuklylygy üpjün etmek işine gatnaşmagyny dowam etdirer. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Aşgabat şäherine gelen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçiren gepleşiklerinde aýtdy. Owganystandaky ýagdaý gepleşiklerimiziň meseleleriniň biri boldy diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we biziň ýurtlarymyzyň bu döwletde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek işine gatnaşmagyny, ykdysady...
«AHAL» WE «ALTYN ASYR» FUTBOL BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ ÇEMPIONATYNYŇ 3-NJI AÝLAWYNA ÝEŇIŞ BILEN GIRIŞDILER
?Ahal» we «Altyn asyr» futbol boýunça ýokary liganyň toparlary[ arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň 3-nji aýlawyna ýeňiş bilen girişdiler. Paýtagtymyzyň Büzmeýin erabynda geçen 15-nji tapgyryň oýnunda häzirki çempion «Altyn asyr» Marynyň «Energetigini» 2:1 hasabynda utdy. Ýeňijilerden Altymyrat Annadurdyýew (30-njy minutda) we Begmyrat Baýow (75-nji minutda), garşydaş topardan Serdar Annamämmedow (84-nji minutda) tapawutlandylar. Wise-çempion «Ahal» paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda Balk...
TÜRKMEN KARATEÇILERI ITALIÝADA GEÇJEK AÇYK ÝEWROPA ÇEMPIONATYNDA ÇYKYŞA BAŞLAR
Rim şäherinde başlajak adaty karate boýunça 26-njy açyk Ýewropa çempionatyna Türkmenistandan on sany ýaş türgen we iki tälimçi gatnaşar. Türkmenistanda adaty karate 1994-nji ýylda söweş sungatynyň bu görnüşi Milli federasiýa tarapyndan hasaba alnandan soň, resmi suratda ösdürilip başlandy. Adaty karate boýunça açyk Ýewropa çempionaty 23-nji oktýabrda tamamlanar. https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67270/turkmen-karatecileri-italiyada-gecjek-acyk-yewropa-cempionatynda-cykysa-baslar
TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETI «MERKEZI AZIÝA- ÝAPONIÝA» GEPLEŞIKLERIŇ ÝOKARY WEZIPELI ŞAHSLARYŇ ÝYGNAGYNA GATNAŞDYLAR
2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Astana şäherinde ýapon tarapynyň başlangyjy bilen ýokary wezipeli şahslaryň «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» gibrid görnüşindäki gepleşikleriň 15-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygynda wekilýet gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýylyň dekabrynda Tokio şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa +Ýaponiýa» gepleşikleriniň Daşary işler ministrleriniň 9-njy mejlisiniň gün tertibini, konsepsiýasyny...