SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN KIKBOKSÇYSY UZBEKISTAN OPEN-2 HALKARA ÝARYŞYNYŇ ÝEŇIJISI BOLDY
Türkmen kikboksçysy Goçmyrat Jumanyýazow Uzbekistan Open-2 halkara ýaryşynda altyn medal gazandy. Ýaryşlar 15 ýurtdan sportçularyň gatnaşmagynda «Ýunusabad» sport toplumynda WAKO Bütindünýä assosiasiýasynyň wersiýasy boýunça geçirildi. Ildeşimiz ýokary derejeli baýragy K-1 bölüminde 75 kg çenli agram toparynda gazandy. Bu bölüm kikboksuň iň agyr görnüşi hasaplanýar. Onda dyzyň bilen bogunlara, şeýle hem, 360° aýlaw edip, eliň tersi bilen (бэкфист) kellä-de, göwrä-de urmaga rugsat edilýär....
«AHAL» IKINJI GEZEK TÜRKMENISTANYŇ FUTBOL FEDERASIÝASYNYŇ KUBOGYNY EÝELEDI
?Ahal» topary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyny özünde alyp galdy. «Türmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparçasy aýgytlaýjy oýunda geçen ýylky milli çempionatda 3-nji orny eýelän Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» toparyny 2:0 hasabynda utup şeýle üstünlik gazandy. Duşuşyk «Aşgabat» stadionynyň ätiýaçdaky meýdançasynda geçirildi. Arslanmyrat Amanowyň (8-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan) we Mirza Bernazarowyň (13-nji minutda) geçiren pökgüleri Türkmenistanyň wise-çempionyn...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN WIDEODUŞUŞYK
Şu gün Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde türkmen we fransuz hünärmenleriniň wideoduşuşygy geçirildi. Ol Fransiýanyň Luwr muzeýinde Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisini guramak meselesine bagyşlandy. Onlaýn duşuşykda türkmen hünärmenleri, şol sanda Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Milli müdirligiň işgärleri Luwr muzeýiniň Gadymy Gündogar departamentiniň ylmy işgärleri bilen sergini guramagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen...
3Х3 BASKETBOL BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR ÝYGYNDYSY AZIÝA KUBOGY UGRUNDAKY ÝARYŞYŇ FINAL TAPGYRYNA ÇYKDY
3х3 basketbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy 8-nji iýuldan 10-njy iýul aralygynda Singapurda geçiriljek Aziýa kubogy ugrundaky ýaryşyň final tapgyryna çykdy. Aleksandr Paşkowyň tälim berýän türgenleri «E» toparçada Guamyň, Gazagystanyň we Papua-Täze Gwineýanyň toparlarynyň gatnaşmagynda şol ýerde geçirilýän saýlama tapgyrda ýeňiş gazanyp, şeýle üstünlige eýe boldular. Ilkinji oýunda türkmen basketbolçylary Guamyň toparyny 21:14, Gazagystanyň ýygyndysyny 21:10, Papua-Täze Gwineýanyň...
«AHAL» WE «ŞAGADAM» TÜRKMENISTANYŇ FUTBOL FEDERASIÝASYNYŇ KUBOGY-2022 BAÝRAGY UGRUNDA BÄSLEŞERLER
Ýarym final duşuşyklarynyň netijesi boýunça «Ahal» we Türkmenbaşy şäherinden «Şagadam» klublarynyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy-2022 baýragy ugrunda bäsleşjekdigi aýan boldy. «Ahal» topary Arslanmyrat Amanowyň (37-nji minutda) we Arzuwguly Sapargulyýewiň (89-njy minutda) dürs urgylary bilen «Aşgabat» toparyny 2:0 hasabynda utdy. «Şagadam» bilen Balkanabadyň «Nebitçisiniň» duşuşygynda oýnuň esasy wagty 0:0 hasabynda deň tamamlanandygy sebäpli, ýeňijini 11 metrlik urgulary ar...
INNOWASION ÖSÜŞIŇ GIREWI
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamaga saldamly goşant goşýarlar. Olaryň ylmy işleriniň we seljermeleriniň netijeleri senagatyň dürli pudaklarynyň ösüşini, ýerli çig mal ulanyp, içerki we daşarky bazarlarda ýokary bäsleşige ukyply önümleri öndürmek üçin şertleri döretmegi üpjün edýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda 2022-nji ýylyň birinji ýarym ýylynda netijeli işler geçirildi. Institutda y...
TALYPLAR TEATRYNYŇ SAHNASYNDA NUSGAWY ESERLER
Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň ikinji ýyl talyplary nusgawy drama eserleri esasynda üç oýnuň ilkinji görkezilişini geçirdiler. Nusgawy oýunlary talyplaryň özleri saýlap aldylar. Sahna oýunlaryň görkezilişine institutyň mugallymlary, dürli ýyllaryň talyplary we tomaşaçylar gatnaşdylar. Perde açylan badyna tomaşaçylaryň öňünde Aleksandr Ostrowskiniň «Düşewüntli ýer» dramasynyň gahrymanlary peýda boldy. Sahna bezeginiň soňky derejesine çenli azaldylandygy derrew...