SOŇKY HABARLAR
TDHÇMB-NYŇ SÖWDA GELEŞIKLERIŇ BAHASY ABŞ-NYŇ 134 MILLION 755 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýe Respublikasynyň we Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen EСO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna nah ýüplük hem-de jins ma...
TÜRKMENISTANDA GÜNEŞLI TOMUS HOWASY GÜÝJE GIRDI
Türkmenistanda hepdäniň dowamynda +40 gradus yssy howa dowam eder. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolar. Howa gündizlerine +38…+40, gijelerine +25…+26 gradus bolar. Hepdäniň ahyrynda şemalyň güýçlenmegine garaşylýar, käbir ýerlerde az-kem ýagyş ýagmagy mümkin. Ahal welaýatynda az bulutly howa bolar. Howa gündizlerine +38°…+42 gradusa çenli gyzyp, gijelerine +28°…+29 gradusa çenli pese düşer. Balkan welaýatynda güneşli açyk howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +37…+40, gi...
BERLINDE TÜRKMENISTAN BILEN GERMANIÝANYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ÇÄRE GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda Berlinde Türkmenistanyň Germaniýadaky Ilçihanasy Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirdi. Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynyň “Lihthof” galereýasynda geçirilen bu çärä ýurduň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Germaniýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik-ylmy guramalarynyň we nemes kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy. Çäräniň...
TÜRKMENISTANYŇ WE SAUD ARABYSTANYNYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖBETDEŞLIK GEÇIRILDI
Şu gün, 13-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy saud tarapyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Umra hajyny berjaý etmegi üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük saparynyň ýokary dereje gurnalandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşly...
ÝAŞ ALYMLAR — ÝURDUMYZYŇ YLMY KUWWATY
Şu gün Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Her ýylda Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän bu iri möçberli çäräni Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýar. Ylmy bäsleşige ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň we önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary...
ÝOKARY HÜNÄRLI ÝAŞ HARBY GULLUKÇYLAR ATA WATANYMYZYŇ YGTYBARLY GORAGYNYŇ KEPILIDIR
11-nji iýunda ýurdumyzyň Harby akademiýasynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň nobatdaky goýberilişi boldy. Bu waka mynasybetli guralan dabaraly çäreler ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň hem-de içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkellerine gül desselerini goýmak bilen başlandy. Olaryň durmuş ýoly ýaş türkmenistanlylar üçin watansöýüjiligiň hem-de belent mertebäniň nusgasydyr. Gül de...
TÜRKMEN TÜRGENLERI MEKSIKADA ÝAŞLAR ARASYNDA GEÇÝÄN DÜNÝÄ BIRINJILIGI UGRUNDAKY BÄSLEŞIGE BAŞLAÝARLAR
11-nji iýunda Leonda (Meksikada) başlanýan agyr atletika boýunça doglan ýyly 2005-den öň bolmadyk ýaşlar arasyndaky dünýä birinjiligi ugrundaky ýaryşa Türkmenistandan ýedi türgen gatnaşar. Oglan-gyzlar 20 agram toparynda uly we kiçi medallar ugrunda bäsleşerler. Ýigitler arasyndaky ýaryşa Türkmenistandan Perhat Bagtyýarow (55 kg çenli), Surajbek Sapaýew we Saparly Muhyýew (ikisi-de 96 kg çenli), gyzlar arasyndaky ýaryşa bolsa Ogulşat Amanowa (45 kg çenli), Gülälek Kakamyradowa, Medine Aman...