RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞ HUKUKÇYLARYNYŇ OKUWY ÜSTÜNLIKLI TAMAMLANDY

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Daşary işler ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýaş hukukçylar topary üçin Halkara maýa goýumy arbitražy boýunça guralan ýörite okuwy tamamlandy. Ýörite okuwa hukuk boýunça ýaş mugallymlar, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň oka...

DOWAMY
pic
11 Iýun

ÝARMÄMMEDOWLAR: ATA KESBI OGLA HALAL

Paýtagtymyzdaky şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Ýarmämmedowlaryň heýkel we surat eserleriniň sergisi M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen we ýewropa sazlaryny ýerine ýetirýän skripkaçylar kwartetiniň sazy bilen açyldy. Türkmenistanyň halk suratkeşi Gylyçmyrat Ýarmämmedowyň döredijiligine bagyşlanan sergide onuň dürli ýyllarda döreden heýkelleri görkezildi.  Gylyçmyrat Ýarmämmedowdyň zähmet adamsynyň waspy çuňňur beýan edilýär. Şolaryň biri-de «Talyp topa...

DOWAMY
pic
11 Iýun

RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE DOSTLUK ORDENINI GOWŞURDY

Resmi saparyň dowamynda Uly Kreml köşgüniň «Malahit» zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagy — “Dostluk” ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Prezident Wladimir Putiniň Permanyna laýyklykda, bu ýokary sylaga döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan uly goşandy üçin mynasyp boldy. Rus Lideri bu çözgüdi beýan etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dostlukly, hakykatdan-d...

DOWAMY
pic
11 Iýun

MOSKWADA ÝOKARY DEREJEDE TÜRKMEN-RUS GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Hormatly Prezidentimiziň uçary Moskwa çenli uçuşy amala aşyryp, “Wnukowo-2” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde horma...

DOWAMY
pic
10 Iýun

TÜRKMEN SAMBOÇYLARY LIWANDA GEÇÝÄN AZIÝA ÇEMPIONATYNDA 22 MEDAL GAZANDYLAR

Ýaryşlara 16 ýurtdan ýetginjekler (18-ýaşa çenli), ýigitler (20-ýaşa çenli) we ulularyň arasynda sport sambosynda şeýle hem erkekleriň we zenanlaryň arasynda söweş sambosynda iň güýçli diýen at ugrunda güýç synanyşan 260 türgen gatnaşdy.  Ildeşlerimiz jemi üç altyn, bäş kümüş we on dört bürünç medal gazanmak bilen, sambonyň söweş görnüşi we sport görnüşi boýunça tapawutlandylar. Olaryň on ikisi ‒ bir altyn, üç kümüş we sekiz bürünç ‒ sport sambosy boýunça erkekler we zenanlar arasynda ýary...

DOWAMY
pic
10 Iýun

DAŞOGUZ WE BALKAN WELAÝATLARYNYŇ GALLAÇYLARY BUGDAÝ ORAGYNA GIRIŞDILER

Türkmenistanda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tassyklan tertibine laýyklykda, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem güýzlük bugdaý oragyna girişdiler. Bu welaýatlar toprak-howa şertlerine laýyklykda, oraga ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz giç başlaýar. Şu ýyl ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde galla oragyna ilkinji bolup başlamak hormatyna Görogly etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň ekerançylary mynasyp boldular....

DOWAMY
pic
9 Iýun

AHMET AGAMYRADOW: «TÜRKMEN FUTBOLÇYLARYNYŇ AZIÝA (U-23) KUBOGYNYŇ «PLAYOFF» TAPGYRYNA ÇYKMAGY, HAS BELENT SEPGIT BARADA OÝLANMAK ÜÇIN GOWY ITERGIDIR»

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň futbolçylary Özbegistanda dowam edýän Aziýa-2022 Kubogynda ýene bir taryhy ýeňiş gazandylar. Ikinji tapgyrda Eýrandan 2:1 hasabynda üstün çykyp, toparlaýyn tapgyryň jemleýji oýnunda Katar bilen deňme-deň (2:2) oýnamak bilen, jemleýji ýaryşyň türkmenistanly debýutantlar ilkinji gezek Aziýanyň iň güýçli sekiz toparynyň hataryna girdiler. «A» toparyň jemleýji oýnundan soň ildeşlerimiz begenç duýgularyny öz tälimçileri bilen paýlaşyp, ony agzybirlik bilen gö...

DOWAMY