SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN TALYPLARY «LOMONOSOW» UNIWERSIADASYNDA ÜSTÜNLIK GAZANDYLAR
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň üç talyby Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň dil bilimi, sebiti öwreniş we medeniýeti öwreniş boýunça guran «Lomonosow» uniwersiadasynda baýrakly orunlara mynasyp boldular. Hususan-da, türkmenistanly talyplar uniwersiadada dil bilimi boýunça tapawutlandylar. D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Aýnur Jumaşowa ikinji orny eýeledi. Bu abraýly bäsleşikde Aýnur iňlis dili boýunça başarjaňlygyny görkezdi. Iki...
DYNÇ GÜNLERI WE TEATRLAR
Iýun aýynyň 10 ‒ 12-si aralygynda Aşgabatda täze goýlan we eýýäm tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan oýunlar görkeziler. Tomaşaçylara hödürlenýän oýunlaryň tertibi: Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry 11.06.2022 «Başky söýgim, nirde sen» — 19:00 12.06.2022 «Perwana» — 19:00 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry 10.06.2022 «Demir ayal» — 19:00 11.06.2022 «Sawçy gelin» — 19:00 12.06.2022 «Körpe gelin» — 19:00 Türkmenistany...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY ABŞ-NYŇ OWGANYSTANYŇ MESLELERI BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞDY
2022-nji ýylyň 9-njy iýunynda wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Owganystanyň mesleleri boýunça ABŞ-nyň Ýörite wekili Tomas West bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda özara hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurdaky işlere işjeň gatnaşýandygy hem-de netijeli teklipleri we başla...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÇEH RESPUBLIKASYNYŇ ULAG ULGAMYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDAKY DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň ulag ulgamynyň wekilleri bilen Çeh Respublikasynyň Ulag ministrliginiň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän giň ugry boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da howa we demir ýol ulaglary ýaly ugurdaş pudaklarda gatnaşyklary ýola goýmak we berkitmek boýunça meselelere üns berildi. Şeýle hem, raýat awiasiýasy babatyndaky hukuk binýadyň ösdürilmegi barada aýratyn bell...
TÜRKMEN ÝÜPEKÇILERINIŇ ZÄHMET ÝEŇŞI
Ýurdumyzyň ýüpekçileri Watan harmanyna 2300 tonnadan gowrak pile tabşyryp, dokma pudagy üçin bu gymmatly çig maly taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler. Munuň özi ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet tarapyndan berilýän yzygiderli goldawlara daýanylyp, ýüpekçilik pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda edilýän tagallanyň aýdyň netijesidir. Dokma senagaty toplumynda, şol sanda ýüpekçilik pudagynda durmuşa geçirilýän toplumla...
NUR-SULTANDA “MERKEZI AZIÝA-HYTAÝ” FORMATYNDA DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ÜÇÜNJI MASLAHATY TAMAMLANDY
2022-nji ýylyň 8-nji iýunynda Gazagystanyň Nur-Sultan şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynda Daşary işler ministrleriniň Üçünji maslahaty tamamlandy. Maslahatyň dowamynda bu formatdaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada netijeli we täsirli köptaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Ara alyp maslahatlaşylan temalaryň arasynda uzakmöhletli parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurlygyna, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny i...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HALKARA ZÄHMET MASLAHATYNYŇ SESSIÝASYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylapowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Halkara zähmet maslahatynyň 110-njy sessiýasyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Öz çykyşynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy gatnaşyjylara ýurdumyzyň ilatynyň mynasyp iş orunlary bilen we durmuş-ykdysady ösüşiniň üpjün edilmegi boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bu ugurda Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň arasynda...