RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Iýun

«ULY BAÝRAGYŇ GYMMATY» FILMINIŇ BAŞ GAHRYMANY ‒ SEÝIS

Bu günler režissýor Wepa Işangulyýewe we filmi surata düşürýän topary Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde göräýmek aňsat däl. Olar uzakly gün seýis Nurly aga we onuň ajaýyp bedewi Tumar baradaky filmi surata düşürýärler. Filmiň edebi esasyny ýazan doganlar Hydyr we Ylýas Amangeldiýewler zähmet çekýän zehinli seýisleriň durmuşyndan bir sahypany açyp görkezipdirler. Filmiň gysgaça beýany. Nurly aga ýaşlygyndan ata höwesli bolýar. Olaryň sagdyn we owadan bolmaklarynyň aladasyny edýär...

DOWAMY
pic
6 Iýun

ÝENE-DE RESUL GYLYJOW, BU GEZEK ‒ ÇIPOLLINO BILEN!

Dirižýor Resul Gylyjow öz döredijiliginde çagalar üçin ertekiler temasyna ýygy-ýygydan ýüzlenmegi bilen kärdeşlerinden tapawutlanýar. Bu gezek ol Döwlet simfonik orkestriniň sazandalary bilen bilelikde aşgabatly oglan-gyzlary Karen Haçaturýanyň italýan ýazyjysy Janni Rodariniň «Çipollinonyň başdan geçirenleri» ertekisiniň baletine ýazan sazy bilen begendirdi. Konserti alypbaryjy, ajaýyp ertekiçi Wasiliý Andronow gürrüňini şeýle sözler bilen başlady: «Şadyýan gök önümleriň ýaşaýan obajygynyň i...

DOWAMY
pic
6 Iýun

KHBS ÜÇIN HABAR

Şu gün, 6-njy iýunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Prezidenti S.Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyrjak resmi sapary bilen bagly meseleleri ara...

DOWAMY
pic
6 Iýun

KHBS ÜÇIN HABAR

2022-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň birnäçe ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklara görülýän taýýarlygyň gidişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edralarynyň ýolbaş...

DOWAMY
pic
6 Iýun

TÜRKMENISTAN WE BMG DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARY UGRUNDA HZYMATDAŞLYGYŇ GIŇELDILMEGI BOÝUNÇA MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2022-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Sekretarynyň Birinji orunbasary, BMG-niň durnukly ösüş boýunça Toparynyň başlygy Amina Jeýn Mohammed bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ähli ulgamlar boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler. 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň we Türkmenistanda milli durnukly ösüş maksatlary...

DOWAMY
pic
6 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PAKISTANDAKY ILÇISINIŇ PAKISTANYŇ DAŞARY IŞLER BOÝUNÇA DÖWLET MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi A.Möwlamowyň Pakistanyň täze bellenen Daşary işler boýunça döwlet ministri hanym Hina Rabbani Khar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň birnäçe ugurlary, aýratyn-da, energiýa, söwda, ulag we beýleki ugurlar boýunça pikir alyşdylar. Ilçi energiýa ulgamynda strategik taýdan möhüm ähmiýete eýe bolan «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň, bu ugur boýun...

DOWAMY
pic
6 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ŞWESIÝANYŇ PATYŞASYNY GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şwesiýanyň Patyşasy Karl XVI Gustawa we ýurduň halkyna Şwesiýanyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Patyşa Karl XVI Gustawa tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Şwesiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady (turkmenistan.gov.tm)

DOWAMY