SOŇKY HABARLAR
ÝURDUMYZDA DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI GIŇDEN BELLENILDI
Şu gün Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp «Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň döwlet ekologiýa syýasaty — durnukly ösüşiň we «ýaşyl» ykdysadyýetiň binýady» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Foruma Milli Geňeşiň wekilleri, tebigaty goraýyş düzümleriniň, pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem abraýly halkar...
TÜRKMEN HALKYNYŇ TARYHY-MEDENI MIRASYNYŇ DÜNÝÄDÄKI ŞÖHRATY HAS-DA BELENDE GALÝAR
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde “Daşoguz welaýatyndaky milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri halkara syýahatçylyk ulgamynda” atly ylmy duşuşyk geçirildi. Duşuşyga degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly hünärmenler gatnaşdylar. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatç...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ WE DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ BILELIKDÄKI GIŇIŞLEÝIN MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G....
TOPLUMLAÝYN ÇEMELEŞME GURLUŞYK IŞLERINIŇ HILINIŇ WE NETIJELILIGINIŇ ESASYDYR
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de bu iri taslamany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi babatda degişli ýolbaşçylar bilen maslahat geçirdi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 28-nji m...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI GURALAN WELOSIPEDLI ÝÖRIŞE GATNAŞDY
3-nji iýunda, asylly däbe görä, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýrama gabatlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Ir bilen «Welosiped» binasynyň ýanynda Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY ÝURTLARDAKY DIPLOMATIK WEKILHANALARY BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI WELOSIPED ÝÖRIŞLERINI GURNADYLAR
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Ilçihanalary, halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary we konsullyklary Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirýärler. Mälim bolşy ýaly, her ýyl Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda giňden bellenilýän bu halkara baýramçylygy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde tassyklanyldy. Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgaz...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNA SAPARY TAMAMLANDY
2-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde Medine şäherine bardy. Irden hormatly Prezidentimiz Mekgeden Jidda şäherine geldi. Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň uçary musulmanlar üçin ähmiýeti boýunça ikinji şähere — Medinä ugrady. Bir sagada golaý wagtdan uçar Şazada Muhammed bin Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline gelip gonýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy M...