SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2022-nji ýylyň 17-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirip, dostlukly ýurduň Baştutanyny doglan güni bilen gutlady we oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk hem-de Gazagystan Respublikasynyň d...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “WOZROŽDENIÝE” TASLAMA-GURLUŞYK KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli gutlady hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şunda Russiýanyň holdingini...
WATANYMYZYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ 30 ÝYLLYGY WE DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT
Şu gün, ýurdumyzyň iň täze taryhynda şanly seneleriň öňýanynda paýtagtymyzda “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 30 ýyl: täze taryhy eýýäm we kanunçykaryjylyk işiniň häzirki zaman tejribesi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan forumy ýurdumyzyň Milli Geňeşi gurady. Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň maslahatlar zalynda geçirilen foruma Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary hem-de Halk Maslahatynyň agzalary, görnükli al...
AŞGABATDA HAZAR DEŇZINIŇ DURNUKLY ÖSÜŞINE WE DOLANDYRYLYŞYNA BAGYŞLANAN OKUW GEÇÝÄR
Maý aýynyň 16-17-sinde Aşgabatda Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň jaýynda «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly nobat boýunça sekizinji okuw geçirilýär. Bu çäräni Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Halkara Okeanlar Instituty (HOI) we Türkmenistanyň Hazar deňzi instituty tarapyndan gurnaldy. Köp günlük çärä gatnaşýanlar işlerini duşenbe güni irden başladylar. Ýygnananlara okuwyň ýolbaşçysy doktor Ýuriý Olýunin we Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat A...
GAHRYMAN ARKADAGYMYZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSY» ATLY KITABYNYŇ RUS DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞY
2022-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaş...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ SANKT-PETERBURG ŞÄHERINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Ýe.D.Grigorýewiň baştutanlygyndaky Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga şeýle hem «Возрождение» taslama we gurluşyk kompaniýalary toparynyň ýolbaşçysy I.W.Bukato we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we...
TÜRKMENISTAN ÝB BILEN MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA SYÝASY WE HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI DIALOGA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Brýusselde geçirilen syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça "Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa" ýokary derejeli Dialogyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy. Gepleşik wagtynda taraplar sebitleýin we global durnuklylygyň möhüm meseleleri boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler, hususan-da, umumy howpsuzlyk meseleleri, şol sanda Owganystandaky ýagdaý barada pikir a...