SOŇKY HABARLAR
KÖRPELERE AJAÝYP SOWGAT
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Hojadepe obasynda mekdebe çenli çagalara degişli täze binanyň gurluşygy tamamlandy. “Gül parça” hususy kärhanasynyň bina eden 320 orunlyk bu çagalar bakja-bagy Mary welaýatynda bar bolan mekdebe çenli çagalar edaralaryna degişli uly binadyr. Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň maglumatyna görä, 320 orunlyk çagalar baglarynyň birnäçesi öňden bar bolsa-da, ýakynda işe giriziljek bu täze bakja-bagynyň binagärlik durkunda ençeme aýratynlyklaryň, esasan hem dür...
MOZAIKA PANNOLAR WE WENESIÝA SUWAGY – RAHATLYK TEHNOLOGIÝASY
?Türkmen-Mahabat» HK-sy Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezinde gurulýan desgalaryň çeper bezegi üçin bäş müň inedördül metr mozaika modullaryny ulanar. Mozaika pannolary binalaryň gümmezlerini, çüwdürimleri, medeniýet seýilgähiniň ýollaryny we beýleki jemgyýetçilik ýerlerini bezär. Gurluşykçylaryň buýurmasyny ýerine ýetirýän «Türkmen-Mahabat» hususy kärhanasy paýtagtymyzyň binalaryny we desgalaryny bezemek bilen, senagat usulynda on müň inedördül metrden gowrak şekilli kompozisiýalary öndüren...
TDHÇMB-NYŇ SÖWDA GELEŞIKLERIŇ UMUMY BAHASY ABŞ-NYŇ 5 MILLION 475 MÜŇ DOLLARYNA BARABAR BOLDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri bolsa, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 5 million 475 müň dollaryna barabar boldy. Ýur...
TÜRKMEN DÖWLET SIMFONIKI ORKESTRINIŇ KONSERTI GEÇIRILDI
Tomsuň soňky ýekşenbesinde aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmen döwlet simfoniki orkestriniň konserti boldy. Zeminde parahatçylyga we dostluga bagyşlanan aýdym-sazly agşam Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Jakomo Puççininiň, Juzeppe Werdiniň we Nury Muhadowyň eserleri ýaňlanan konsertde Türkmenistanyň halk artisti Rejep Rejebowyň filmlere ýazan sazlary esasy oruny tutdy. Konserte Türkmen döwlet hory we...
TÄZE OKUW ÝYLYNA TAÝÝARLYK WE TÄZE BINALAR
Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda hereket edýän 383 sany orta mekdebiň, 4 sany mekdep – internatyň, şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ählisinde awgust aýynyň başyna çenli ýeňil abatlaýyş – bejeriş işleri tamamlanyp, täze 2022 – 2023-nji okuw ýylyna doly taýýar edildi. Welaýatda bar bolan umumybilim berýän orta mekdepleriniň synp otaglarynda, sport meýdançalarynda we zallarynda, ýyladyş ulgamlarynda abatlaýyş – bejeriş işleri talabalaýyk geçirildi, mekdep binalarynyň ýanaşyk ýerlerinde aras...
TÜRKMENISTANYŇ OKUWÇYLARY AZIÝANYŇ HALKARA MATEMATIKA OLIMPIADASYNA GATNAŞDYLAR
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synplarynyň zehinli okuwçylary boýunça Aziýanyň Halkara matematika internet-olimpiadasyna sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Bu matematika olimpiýadasyna dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan, has takygy, Hytaýdan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Özbegistandan, Wýetnamdan, Taýlanddan, Gazagystandan we Kambojadan 3000-den gowurak okuwçy gatnaşdy. Aziýanyň Halkara matematika internet olimpiadasynyň jemleri boýunça Aşgabat şäherindäki himiýa, biologiýa we...
DIWAR ÜÇIN BEZEGLER
?Gültaraş» hususy kärhanasy bezegli asma potoloklary öndürmegi özleşdirdi. Diwara ýelmenýän suratly bezeg kagyzlary öndürmek üçin, kärhana ýokary mümkinçilikli ösen tehnologiýa enjamalary ulanýar. – «Gültaraş» HK-da ýokary aýdyňlykda alnan surat arhiwi bar, – diýip, kärhananyň ýolbaşçysy Sahymyrat Abdyrasulow aýdýar. – Diwar kagyzlarynda Türkmenistanyň tebigaty, tropik täsinlikler, fransuz pastorallary, geometrik şekiller, tokaý jandarlary, relýefler we fakturalar şekillendirilip bi...