SOŇKY HABARLAR
KÖPÇÜLIKLEÝIN EKOLOGIK ÇÄRELER WATANYMYZYŇ GÜLLÄP ÖSMEGINE GOŞANTDYR
Aşgabat şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan ekologik çäräni guramak baradaky başlangyç bilen çykyş etdiler. Onuň çäklerinde şu ýylyň 4-nji aprelinden 11-nji apreli aralygynda sagat 08:00-dan 18:00-a çenli paýtagtymyzyň köçelerinde şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi ulaglaryndan, şeýle hem ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendiriler. Ekologik abadançylyk baradaky alada hormatly Prezidentimiz...
AHAL WELAÝATYNYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNYŇ DÜZÜMLERINIŇ ÜSTÜNI ÝETIREN TÄZE DERMANHANA
Şu gün Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini nazarlaýan özgertmeler maksatnamasyny, ilkinji nobatda, «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde bina edilen täze dermanhana açyldy. Hut şu uzak möhletleýin strategik maksatnama ösüşiň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyrylan täze tapgyrynda ýurdumyzyň durmuş ugurly syýasatyny kesg...
MÄNE BABA ÇEPER-PUBLISISTIK FILMI DÜŞÜRILÝÄR
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilim» birleşiginde «Mäne Baba» atly dowamlylygy gysga 30 minutlyk çeper-publisistik filmi düşürilýär. Bu filimde Gündogaryň beýik akyldary, «Söz äleminiň Soltany» diýen ada eýe bolan Abu Seýit Abul Haýyr – Mäne Babanyň ömür menzilleri we döredijilik dünýäsi barada giňden gürrüň berilýär. Film Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet ko...
«TÜRKMEN SAHYSY» – TÄZE SPEKTAKL
Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseri boýunça halk rowaýatlarynyň gahrymanlarynyň biri Hatamtaý hakynda «Türkmen sahysy» atly täze spektakl goýuldy. Sahylygy bilen ady ile dolan Hatamtaýyň sahawatlylygy we ynsanperwerligi barada gürrüň berýän rowaýatlar biziň günlerimize çenli ýetip gelipdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda mysal getirilen tymsalam muňa şaýatlyk edýär: «...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ KARARY
Adalatçyny saýlamak hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 2022-nji ýylyň 2-nji aprelinde bolup geçen on ýedinji maslahatynda Adalatçyny saýlamak boýunça geçirilen gizlin ses bermegiň netijeleri esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär: Ýazdursun Gurbannazarowany Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy saýlamaly. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mej...
REJEP REJEBOW WE ONUŇ KINO SAZLARYNYŇ ÄLEMI
Bir gezek tanymal kinorežisýor Bulat Mansurow Rejep Rejebowyň Magtymguly hakynda romansyny diňläpdir. Romans Mansurowa şeýle güýçli täsir edipdir welin, ol P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa konserwatoriýasyndan öz ildeşi – dördünji ýyl talybyny gözläp tapýar. Olar tanyşýarlar, hoşlaşanlarynda Mansurow: «Biz hökman bile işleşeris» – diýýär. Kino sazlar kompozitoryň dörejiliginiň esasy ugrularynyň birine öwrülýär, ol juda köp – 59 filme saz ýazýar. Galyberse-de, Nury Halmämmedow Rejep Jumaýewiçiň...
HALKARA BÄSLEŞIGINDE GAZANYLAN ÜSTÜNLIK
Daşoguz welaýatynyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň dördünji ýyl talyby Akbar Kamalow üflenip we urlup çalynýan saz gurallynda saz çalýanlaryň III Halkara bäsleşiginde uly üstünlik gazandy. Mart aýynda Latwiýada geçirilen öz saz eserleriniň wideoýazgysyny hödürlän sazandalaryň «Wind stars» gaýybana bäsleşginde ildeşimiz Pablo de Sarasateniň «Sygan heňlerini» we Nury Halmämmedowyň «Sonatasyny» ksilifonda çalyp, ikinji derejeli diploma mynasyp boldy. Emin agzalary ýaş sazandanyň us...