SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANLY FUTZALÇYLAR AZIÝA KUBOGY – 2022 ÝARYŞYNYŇ SAÝLAMA TAPGYRYNA GATNAŞÝARLAR
Futzal boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary 10-12-nji aprelde Aziýa Kubogy -2022 ýaryşynyň saýlama tapgyryna gatnaşmak üçin Bişkege gitdiler. Türkmensitanyň Futbol federasiýasynda habar bermegine görä, milli ýygyndynyň futbolçylary Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Türkmenabada uçdular, ol ýerdenem awtobusly «Farap» BGN-na bardylar. Serhetden geçmek üçin zerur amallardan geçibem, topar Özbegistana bardy. Saýlama ýaryşdan öň Türkmenistanyň ýygyndy topary Daşkentde kiçeňräk okuw-türgenleşi...
HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARYNYŇ DOWAMYNDA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-HINDI BEÝANNAMASY
1. Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Onuň Alyhezreti Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Şri Ram Nath Kowind 2022-nji ýylyň 1–4-nji aprelinde Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy. Bu sapar Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana taryhda ilkinji sapary bolup durýandygy bilen bellidir. 2. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Hindistan Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklar...
HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY
2022-nji ýylyň 1-nji aprelinde Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynyň öňündäki meýdançada Hindistan Respublikasynyň Liderini resmi garşylamak dabarasy boldy. Bu ýerde Prezident Ram Nath Kowindi Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli mübärekledi. Iki ýurduň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, ýörite bellenen ýere geçdiler. Hormat garawulynyň serkerdesi...
GYZYL KITABA GIRIZILEN ÇIGILDEMLER AŞGABADYŇ BOTANIKA BAGYNDA GÜLLEÝÄR
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynyň hünärmenleri fenologik gözegçilikleriň netijesinde Türkmenistanyň köp endemik ösümlikleriniň: Regeliň eremurusynyň, Köpetdag gyzganynyň, Bunge bägülüniň, sazagyň, gozaly iňňeýapraklylaryň ösüşini we çigildemiň çägesöw ýerde gülleýändigini bellediler. Türkmenistandaky tebigy çigildemler ir (fewral aýynyň ahyrynda ‒ mart aýynyň başynda) güllemegi we dürli reňkleri: açyk gyzyl, gülgüne, sary we sarymtyl bilen ünsi özüne çe...
HOWDANYŇ GURLUŞYGY DOWAM ETDIRILÝÄR
Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň çäginde ýerleşýän, Amyderýanyň gyrmançaly mele suwuny durlamak, Garagum derýasyndan suwy bökdençsiz akdyrmak üçin bol suw goruny döretmek we Garagum derýasynyň üsti bilen ýurdumyzyň Mary, Ahal we Balkan welaýatlarynynyň ekerançylyk meýdanlaryny suwarmak maksady bilen ýurdumyzyň günorta – gündogarynda, öňki Zeýit, 2006-njy ýyldan bäri bolsa, «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» suw howdany hereket edýär. 2015-nji ýylda gurluşygynyň 1-nji tapgyry tamamlanyp, 2,2 milliard ku...
«EDEPLI HEM ÇEPER ELLI TÜRKMEN GÖZELI» ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamaklarynda «Edepli hem çeper elli türkmen gözeli» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşige paýtagtymyz Aşgabat şäherinden we welaýatlaryndan gelen gyzlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň birnji bölümi «Gyz edebi-il edebi» diýlip atlandyrylyp, gyzlaryň sagdyn durmuş ýörelgeleri, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek terdibi...
HÄZIRKI ZAMAN TÜRKMEN MULTIPLIKASIÝA SUNGATY
Multfilmler çagalaryň iň gowy görýän güýmenjesidir. Eger çagalygymyzy ýada salsak, dürli ýaşdaky ‒ 7 ýaşdan 70 ýaşa çenli adamlaryň ajaýyp multiplikasiýa filmlerine tomaşa etmegi halaýandyklaryny çaklap bileris. Biz köplenç mawy ekranda hereket edýän gahrymanlara tomaşa edýärkäk, multfilm döretmegiň tehniki tarapy hakynda pikir etmeýäris, eýsem-de bolsa täze tehnologiýalaryň ýüze çykmagy bilen, suraty «janlandyrmak» işi-de üýtgedi ahyryn. «AA»-nyň habarçylary Aşgabat studiýalaryndan «Mahabat...