SOŇKY HABARLAR
MYHMAN – SUPRA ÝARAŞYGY
Mart aýynyň soňky güni Gazagystan respublikasynyň Al-Faraby adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň wekilleri Gündogar myhmansöýerligine bagyşlanan onlaýn-seminar geçirdiler. Çäräniň çäklerinde myhman kabul etmekligi, öý eýesiniň amal etmeli, myhmanlary saçak başynda ýerleşdirmegiň we tagamlary myhmanlaryň arasynda paýlamagyň düzgünleri ýaly meseleleri öz içine alýan gündogar edem-gylymlarynyň aýratynlyklaryny seljermäge bagyşlanan çykyşlar boldy. Foruma gatnaşanlar myhmansöýerligiň sebitiň i...
LÝUKSEMBURGDA GEÇIRILÝÄN 2022-NJI ÝYLYŇ DÜÝNÄ ÇEMPIONATYNA GATNAŞJAK HOKKEÝ BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ MILLI ÝYGYNDY TOPARYNYŇ DÜZÜMI BELLI BOLDY
3-nji aprelde Lýuksemburgda başlaýan düýnä çempionatyna üçünji diwizionda «A» toparda çykyş etjek Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndy toparynyň hatarynda 20 türgen bolar. Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň başlygy Jora Hudaýberdiýewiň «AA»-nyň habarçysyna aýtmagyna görä, milli ýygyndyda IIM-niň «Galkan» toparyndan 17 türgen, derwebanlaryň ikisem – Kerimli Çaryýew we Rahman Myradow, «Şir» toparyndan goragçy Öwezguly Esenow we hüjümçi Arslan Amanow, «Oguzhan» toparyndan bolsa goragçy...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI OWGANYSTAN BILEN GOŇŞY ÝURTLARYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ 3-NJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 31-nji martynda HHR-niň Tunsi şäherinde Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Ministrler derejesindäki üçünji maslahaty öz işine başlady. Çäräniň başynda HHR-nyň Başlygy Si Szinpiniň Gutlagy okaldy hem-de BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrişiň wideoýüzlenmesi görkezildi. Öz çykyşynda Ministr R.Meredow nobatdaky duşuşygyň Türkmenistan tarapyndan Owganystanda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi, bu ýurduň geljekde hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrundaky utgaşykly çemeleşm...
TÜRKMEN-AZERBAÝJAN BILELIKDÄKI TOPARYNYŇ TÜRKMEN BÖLEGI DÖREDILDI WE ONUŇ DÜZÜMI TASSYKLANYLDY
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparyny döretmek hakyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparynyň türkmen bölegi döredildi we onuň düzümi...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli wajyp meselelere we milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. G.Mämmedowa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekiliýetiniň Gazagystan Re...
KONSERWATORIÝA REJEP REJEBOWYŇ SAZLARYNY DIŇLEMÄGE ÇAGYRÝAR
1-nji aprelde Maýa Kulýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda «Rejep Rejebowyň kino sazlarynyň dünýäsi» atly konsert geçiriler. Türkmen Döwlet simfoniki orkestriniň çeper ýolbaşçysy we baş dirižýory Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Rejep Rejebowyň türkmen kinematografiýasynyň altyn hazynasyna giren belli filmlere döreden eserleri ýaňlanar. Kinofilmlere ýazylan sazlar bir ýyl gowrak mundan ozal aramyzda...
«PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: ALTYNJY OÝNUŇ JEMLERI
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň birinji saýlama tapgyrynyň altynjy oýny geçirildi. «Osman döwletiniň daşary syýasaty we diplomatiýasy» temasyndan geçirilen oýundan öň gyzykly gezelenç guraldy. Ýaşlar DIM-niň HGI-niň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymlary bilen paýtagtymyzdaky Garaşsyzlyk binasyna bardylar. Bu ýerdäki türkmen taryh...