RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
31 Mar

FUTBOL BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ MILLI ÝYGYNDYSYNA BAŞ TÄLIMÇI BELLENILDI

Ýurdumyzyň Futbol federasiýasy Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Said Seýidowyň futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini habar berdi. Said Seýidow Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Gennadiý Duraşýowyň şägirdidir. Ol oýunçy hökmünde Aşgabadyň «Kolhozçy», Özbegistanyň «Zwezda-Buston» we Jyzak şäheriniň «Sogdiana», şeýle hem ýurdumyzyň «Köpetdag», «Merw», «Ahal», «Nebitçi», «Nisa» we «Turan» toparlarynda oýnady. 1991-nji ýylda bedente...

DOWAMY
pic
31 Mar

TÜRKMENISTANYŇ ÖÝJÜKLI ARAGATNAŞYK KÄRHANASYNYŇ MÜŞDERLERINE TÄZE HYZMATY

?Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň müşderileri üçin «Oraza» hyzmaty işe girizildi. Bu hyzmat mukaddes Oraza aýy mynasybetli müşderleriň hyzmatyna hödürlendi. Agyz beklenýän we açylýan wagtlary, tölegsiz USSD menýu üsti bilen «Oraza» hyzmatyndan peýdalanyp bolýa. Bu hyzmatdan peýdalanmak üçin, telefona aşakdaky kodlary girizmeli: *0870*1#  – Ahal welaýaty we Aşgabat şäheri üçin *0870*2# – Balkan welaýaty üçin *0870*3# – Daşoguz welaýaty üçin *0870*4# – Mary welayaty ü...

DOWAMY
pic
31 Mar

AŞGABATDA NEBITGAZ PUDAGYNA DAŞARY ÝURT MAÝA GOÝUMLARYNY ÇEKMEK BOÝUNÇA HALKARA FORUM GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 29-30-njy martynda Aşgabatda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirildi. Forumy “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, “Gaffney Cline” britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guradylar. Onlaýn tertipde geçirilen bu çäräniň baş maksady ýurdumyzyň energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürme...

DOWAMY
pic
30 Mar

AŞGABADYŇ GAÝRAGOÝULMASYZ TIZ KÖMEK MERKEZINDE LUKMANÇYLYK ENJAMLARYNYŇ SOŇKY TAPGYRYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

Aşgabadyň Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezinde «Lukmançylyk enjamlaryny bermek arkaly Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek» maksatnamasynyň çäklerinde satyn alnan  lukmançylyk enjamlarynyň soňky tapgyrynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Çary Agamyradow, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýamamoto Hiroýuki, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şl...

DOWAMY
pic
30 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI FIFA-NYŇ KONGRESINE GATNAŞAR

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara futbol federasiýasynyň (HFF) 31-nji martda Dohada (Katar) geçirilýän kongresine ganaşar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda (TFF) aýdyldy. Wekiliýetiň düzüminde TFF-niň baş kätibi Annabaýram Durdymammedow we bu edaranyň hünärmeni Resul Mämmedow bar. FIFA-nyň kongresi dünýä çempionaty (DÇ) geçirilýän ýylda bir gezek ýygnanýar. Kongres ýaryş geçirilýän ýurtda guralýar. DÇ-2022-niň bije çekişligi 1-nji aprelde Dohada bolup geçer, oňa Türkmenis...

DOWAMY
pic
30 Mar

S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETINDE YLMY DUŞUŞYK GEÇIRILDI

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde däp bolan, her hepdede geçirilýän ylmy duşuşygy geçirildi. Bu çärä ýurdumyzyň telekeçileri, Ylmy-barlag institutlarynyň işgärleri, ekarançylar, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary, talyplary we beýleki ugurdaş hünärmenler gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşanlar dünýäde iň çalt ösýän daragt – Pawloniýa agajy barada, onuň ösüş aýratylyklary b...

DOWAMY
pic
30 Mar

AJAÝYP DÄPLER WE MEDENIÝET TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY KÖKLERIDIR

Milli medeniýet ulgamy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ägirt uly üstünlikler, toplumlaýyn ösüş üçin berk maddy binýat we uly kuwwat bilen gadam basýar. Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda kitaphana, muzeý we arhiw işi, halk çeperçilik — amaly-haşam döredijiligi, gozgalýan medeni gymmatlyklary äkitmek we getirmek, taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak ýaly meseleleri kadalaşdyrýan kanunlaryň birnäçesi kabul edildi. Mysal üçin, “Milli taryhy-medeni mirasyň obýek...

DOWAMY