SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN TENNISÇILERI BILLI JIN KING KUBOGYNY ÝEŇIŞ BILEN BAŞLAÝARLAR
Türkmenistanyň tennis boýunça zenanlar topary şu gün Duşanbe şäherinde başlanan Billi Jin King Kubogynyň (Billie Jean King Cup) zolaklaýyn ýaryşyndaky çykyşlaryna Täjigistanyň toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykmak bilen başlady. Zenan ildeşlerimiziň çykyş edýän Aziýa we Okeaniýa zolagynyň 2-nji toparynda birinji topara geçmek üçin ikä bölünen 8 topar güýç synanyşýar. Bije atyşlykda Türkmenistanyň ýygyndy topary Täjigistanyň, Mongoliýanyň we Pakistanyň toparlary bilen bilelikde “B” topara düşd...
BILIM ULGAMY ÖSDÜRILÝÄR
Daşoguz welaýatynyň bilim edaralar ulgamyna ýakyn geljekde üç sany täze bina goşular. Sebitde umumy bilim berýän iki sany täze okuw jaýyny we bir çagalar bagyny işe girizmek üçin taýýarlyk görülýär. Şolardan biri, 600 orunlyk mekdep, S. A. Nyýazow etrabynyň Şöhrat geňeşliginiň Buýanly obasynda ýerleşýär. Ol jemi dört gektardan gowrak ýer tutýar. Iki gatly binasy bolsa ýedi bölekden ybarat bolup, olarda köp sanly synp otaglaryndan başga-da mejlisler zaly, kitaphana, naharhana we beýleki zerur...
TAMAMLANAN HEPDE SÖWDANYŇ ÝOKARLANÝANDYGY BILEN TAPAWUTLANDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Özbegistanyň işewürleri arassalanan benzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzini we uçar kerosinini satyn aldylar. Özbegistanyň hemde BAE-niň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi we tehniki ýody satyn aldylar. Türkiýäniň hem-de Gyrgyzystan...
ПРИОРИТЕТНЫЕ ПОЗИЦИИ ТУРКМЕНИСТАНА НА 77-Й СЕССИИ ГА ООН: ОБЕСПЕЧЕНИЕ ВСЕОБЩЕГО МИРА, БЕЗОПАСНОСТИ И УСТОЙЧИВОГО РАЗВИТИЯ
Через несколько недель в Нью-Йорке начнет свою работу очередная, 77-я сессия Генеральной Ассамблеи Организации Объединенных Наций. По сложившейся уже на протяжении ряда лет традиции, в преддверии этого важнейшего события международной жизни Туркменистан обнародует Приоритетные позиции, которые наша страна будет проводить и отстаивать в течение предстоящего политического сезона. Подобная открытость, готовность к совместному решению актуальных проблем современного мирового развития, ставшие отличи...
TÜRKMENISTANYŇ KIKBOKSING BOÝUNÇA MILLI ÝYGYNDY TOPARY V YSLAM RAÝDAŞLYGY OÝUNLARYNDA ALTY MEDAL EÝELEDILER
Türkmen kikboksçylary Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilýän V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda medallaryň altysyny mynasyp boldular. Medallaryň 31 toplumy ugrunda full-kontakt (erkekleriň arasynda 10, zenanlaryň arasynda 6 agram derejede) we lou-kik (erkekleriň arasynda 11, zenanlaryň arasynda 4 agram derejede) geçirilen bäsleşiklerde kikboksçylaryň 14-isi Türkmenistana wekilçilik etdiler. Garşydaşyň aýaklaryna depilse-de, dyzyna we injigine depmek gadagan edilýän lou-kik görnüşinde ildeşlerim...
19-NJY AWGUST BÜTINDÜNÝÄ FOTOSURAT GÜNÜDIR
Her ýyl awgustyň 19-ynda dünýädäki ähli fotosuratçylar – höwesjeňler we hünärmenler şahsy baýramlaryny – Bütindünýä fotosurat gününi belleýärler. Bu baýram 2009-njy ýylda döredildi. Bu sene fotosurat çap etmegiň usulynyň – dagerrotipiň, ýagny hazirki fotosuratyň gadymy görnüşiniň 1839-njy ýylyň hut şu gününde köpçülige hödürlenendigi üçin saýlandy. Fotosurat adama möhüm wakalary, gyzykly durmuş parçalaryny, owadan ýerleri, gaýtalanmajak pursatlary saklap galmak üçin ajaýyp mümkinçilik berý...
“MIRAS” ŽURNALY: TÜRKMEN HALKYNYŇ TARYHY-MEDENI MIRASYNYŇ TÄZE YLMY GÖZLEGLERI BARADA
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onuň sahypalarynda türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmäge, Diýarymyzda geçirilýän ylmy gözlegleriň netijelerine we täze arheologik tapyndylara bagyşlanan makalalar toplumy öz beýanyny tapýar. Žurnalyň şu sany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Halkyň Arkadagly...