SOŇKY HABARLAR
NEBITGAZ PUDAGYNA DAŞARY ÝURT MAÝA GOÝUMLARYNY ÇEKMEK BOÝUNÇA HALKARA FORUM
Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlady. Forumy “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, “Gaffney Cline” britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guradylar. Paýtagtymyzda dünýäniň onlarça döwleti bilen onlaýn tertipde geçirilen bu çäräniň baş maksady ýurdumyz...
PILE ÖNDÜRMÄGE ŞERTNAMA BAGLAŞYLÝAR
Daşoguz welaýatynda pileçiler bilen pile öndürmäge şertnama baglaşylýar. Şu ýyl jogapkärli işe on iki müň bäş ýüzden gowrak kärendeçiniň gatnaşmagy çak edilýär. Olaryň ählisi ýokary hilli ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün ediler. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi, şol sanda piläniň ýokary bahadan satyn alynmagy önümiň durnukly öndürilmegine höwes döredýär we ýerli ilaty pile taýýarlamaga giňişleýin çekmäge ýardam edýär. Welaýatyň S.A.Nyýa...
MEDENIÝET INSTITUTYNYŇ TALYPLARY SYNAGY ÜSTÜNLIKLI TABŞYRDYLAR
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň aktýorlyk we režisýorlyk fakultetleriniň bäşinji ýyl talyplary Magtymguly Myşşyýewiň pýesasy boýunça Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda goýlan «Ene» diplom spektaklynda hakyky aktýorlar kimin çykyş etdiler. Akgözel eje iki ogul ýetişdirýär, olar ulalansoň şäherde ýerleşip, maşgalaly bolýarlar. Ejesiniň halyndan habar almaga wagt tapmaýarlar. Akgözel ejäniň haly agyr diýip ogullaryna habar gowuşýar. Öýüň boşdugyny görüp, miras bölüşmäge başlaýarlar....
ÝHHG "LAPIS-LAZULI" ULAG-ÜSTAŞYR GEÇELGESI HEM-DE HAZAR DEŇZINIŇ SEBITINDE ÖZARA BAGLANŞYKLYLYGYŇ GÜÝÇLENDIRILMEGI BOÝUNÇA SEMINAR GEÇIRDI
2022-nji ýylyň 28-nji martynda Aşgabatda ÝHHG tarapyndan guralan «Lapis-Lazuli» ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça sebitleýin seminar öz işine başlady. Gibrid görnüşinde geçirilen iki günlük seminar «Lapis-Lazuli» ulag-üstaşyr geçelgesiniň durmuşa geçirilmegi boýunça strategiýanyň görkezilmegi maksady bilen guraldy. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi geçelgäniň hereketini üpjün etmek üçin «Lapis-Lazuli» ulag we üstaşyr geçelgesi baradaky ylalaşyga gol çeken ýurtlara goldaw bermegiň çäklerinde onuň d...
TÜRKMENISTAN BILEN KOREÝA RESPUBLIKASY ULAG ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYGYNY BERKIDÝÄR
2022-nji ýylyň 28-nji martynda «Türkmendemirýollary» agentligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň we Demirýol korporasiýasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda Koreýa Respublikasynyň Demirýol korporasiýasynyň prezidenti Na Hi-syň wideoýüzlenmesi, şeýle hem Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň direktory Ço Ýoňminiň çykyşlary diňlenildi. Türkme...
TDHÇMB-NYŇ SÖWDA GELEŞIKLERIŇ UMUMY BAHASY ABŞ-NYŇ 62 MILLION 199 MÜŇ DOLLARYNA BARABAR BOLDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, az kükürtli ýangyç mazudyny, nebit koksuny, polipropileni, tehniki kerosini, Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileri bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynd...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ HUANŞAN ŞÄHERINDE GULLUK IŞ SAPARYNDA BOLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky üçünji duşuşygyna we “Owganystanyň goňşy ýurtlary + Owganystan” dialogynyň işine gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 29 — 31-nji marty aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Huanşan şäherinde gulluk iş saparynda bolar. https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61892/turkmenistanyn-wekiliyeti-hytay-halk-respublikasynyn-huansan-saherinde-gulluk-s...