RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Mar

HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA 2021-NJI ÝYLDA GEÇIRILEN BMG-NIŇ COP26 MASLAHATYNYŇ ESASY NETIJELERINE HEM-DE GAZANANLARYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň edarasy hem-de Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy bilen bilelikde howanyň üýtgemegi boýunça 2021-nji ýylda geçirilen BMG-niň COP26 maslahatynyň esasy netijelerine hem-de gazananlaryna bagyşlanan onlaýn-maslahat geçirildi. Bu maslahat geçen ýylyň noýabr aýynda Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde geçirilen COP26 maslahatynyň öňüsyrasynda Aşgabatda 2021-nji ýylyň martynda geçiril...

DOWAMY
pic
25 Mar

TÜRKMENISTANYŇ BSG-NA AGZA BOLMAGY BILEN BAGLY MESELELERIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGY BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy (UNECE) bilen bilelikde BSG-na agza bolmak hereketleri we Söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi boýunça BSG bilen Ylalaşyk boýunça geňeşme duşuşygy göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.  Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunba...

DOWAMY
pic
25 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GRESIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Katerina Sakellaropula we ýurduň halkyna Gresiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Türkmen döwletiniň Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Katerina Sakellaropula berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Gresiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi. https://turkmeni...

DOWAMY
pic
24 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we...

DOWAMY
pic
24 Mar

HK «TÜRKMEN ÝYLDYZY» ELEKTRIK GEÇIRIJI SIMLERIŇ ÖNÜMÇILIGINI ÝOLA GOÝDY

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşleri, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy, berkarar Watanymyzyň çar künjeginde dürli desgalaryň we binalaryň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi netijesinde, ýurdumyzda sarp edilýän elektrik energiýasynyň möçberi barha artýar, şonuň bilen birlikde elektrik enjamlarynyň we geçirijileriniň sarp edilişi hem ýokarlanýar. Şu nukdaý nazardan ugur alnyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, energetiki desgalarda...

DOWAMY
pic
24 Mar

ATAGELDI GARÝAGDYÝEW DOGLAN GÜNÜNI SAHNADA BELLEDI

Türkmenistanyň halk artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak bölüminiň professory Atageldi Garýagdyýew 70 ýaşyny «Dostlaryma» atly ýatdan çykmajak konserti bilen belledi. Konserwatoriýanyň talyplary we mugallymlary, paýtagtdaky teatrlaryň aktýorlary, ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň hünärmenleri, şeýle hem Atageldi Garýagdyýewiň ajaýyp bariton sesiniň muşdaklary Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň zalyna doldy. Ýaş toýuny geçirýän...

DOWAMY
pic
24 Mar

MUZEÝIŇ GYMMATLYKLARY ARTÝAR

?Könürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde ýerleşýän Daşmetjit medresesiniň gadymy jaýyndaky halk senetleri muzeýiniň gorunyň üstüni ýetirmäge ýerli ilat işjeň gatnaşýar. Ýerli ilatyň muzeýe peşgeş beren soňky arheologik tapyndylarynyň arasynda degirmen we simap saklamak üçin gaplar bar. Hünärmenleriň deslapky çaklamasyna görä, olar orta asyrlara degişlidir. Degirmen muzeýe berilýänçä bir maşgalada saklanan bolsa, gadym döwürlerde lukmançylykda we zergärlikde simap saklamak üçin ula...

DOWAMY