SOŇKY HABARLAR
MAGLUMATLARYŇ ELÝETERLIK MERKEZI: SANLY ULGAMA GEÇMEK WEZIPELERINI ÇÖZMEKDE TÄZE ÄDIM
Ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň düzüminde paýtagymyzyň Maglumatlaryň elýeterlik merkezi döredildi. Ol Türkmensitanyň Milli bilim institutynyň çäginde ýerleşýän Innowasion-maglumatlar merkeziniň binýadynda döredildi. Iň täze enjamalr bilen üpjün edilen merkez ýurdumyzyň sanly bilim ulgamynyň tehnologik we innowasion ösüşine ýardam etmäge, okatmak ulgamynda sanly hyzmatlary kämilleşdirmäge, bilimiň ähli basgançaklary üçin zerur döwrebap elektron okuw-usuly binýady döretmäge niýetlenendir. Me...
LÝUKSEMBURGDA GEÇIRILJEK DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDA TÜRKMEN HOKKEÝÇILERINIŇ OÝUNLARYNYŇ TÄZE TERTIPNAMASY TASSYKLANDY
Halkara hokkeý federasiýasy (IIHF) 2022-nji ýylyň 3 – 8-nji aprelinde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň gatnaşmagynda Lýuksemburgda geçiriljek “A” toparyň üçünji bölüminde dünýä çempionaty üçin oýunlaryň täze tertipnamasyny tassyklady. Başda bu ýaryşa alty topar gatnaşmalydy. Emma fewral aýynda KHDR-iň milli ýygyndysy koronawirus pandemiýasy sebäpli Dünýä çempionatyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi. Netijede “B” toparyň ikinji bölüminde çykyş etmek hukugy ugrunda bäş topar – Lýuksemburgyň, Türkiýäni...
HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA 2021-NJI ÝYLDA GEÇIRILEN BMG-NIŇ COP-26- MASLAHATYNYŇ ESASY NETIJELERINE HEM-DE GAZANANLARYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň edarasy hem-de Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy bilen bilelikde howanyň üýtgemegi boýunça 2021-nji ýylda geçirilen BMG-niň COP-26 - maslahatynyň esasy netijelerine hem-de gazananlaryna bagyşlanan onlaýn-maslahat geçirildi. Bu maslahat geçen ýylyň noýabr aýynda Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde geçirilen COP-26 maslahatynyň öňüsyrasynda Aşgabatda 2021-nji ýylyň martynda ge...
ÝURDUMYZDA GOWAÇA EKIŞINE GIRIŞILDI
Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Ministrler Kabinetiniň 10-njy martda geçirilen mejlisinde tassyklanan tertipnama laýyklykda, 23-nji martda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine girişdiler. Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa 30-njy martda ekişe başlarlar. Asylly däbe görä, gowaça ekişine hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan abadançylyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, döwlet Baştutanymyzyň döwletli tutum...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNY GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwa, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Hana, şeýle hem ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanyp, yzygiderli kämilleşdirilýär diýip, döwl...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KUBA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI IKITARAPLAÝYN DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudese we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Kuba Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýar diýip, döwlet Baştutany...
OBA HOJALYGY ÜÇIN TÄZE TEHNIKALAR WE TEHNOLOGIÝALAR
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda çykyşynda ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biridigini nygtady. – Munuň üçin biz dünýä standartlaryna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçiliklerini dörederis. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan oba hojalyk önümlerini özümizde giňden öndürip, olaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberl...