img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Askar Tažibaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize türkmen-gazak gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de pursatdan peýda...

DOWAMY
pic
4 Maý

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ MASLAHATY

Şu gün sanly ulgam arkaly Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on sekizinji maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamalara laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesine garaldy we olar kabul edildi. Mejlise birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar be...

DOWAMY
pic
4 Maý

TÜRKMENISTANDA SYÝAGALAMLARYŇ GÖRNÜŞLERI ARTDYRÝAR

Işewür Kakaly Geldiýewiň ýolbaşçylygynda 2021-nji ýylyň maý aýynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde esaslandyrylan “Gündogar şöhlesi” hojalyk jemgyýeti ilat içinde gyzgyn garşylanan “Nusga” haryt nyşanly syýagalamlaryň (ruçkalaryň) täze hoşboý ysly görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy. Kärhanada Hindistandan getirilen kuwwatly tehnikalar arkaly “Nusga” haryt nyşanly üçburçly, dörtburçly, tegelek görnüşdäki syýagalamlaryň aýda 1,5-2 million sanysy öndürilip, ilata hödürlenilýä...

DOWAMY
pic
4 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler we birek-biregi Oraza baýramy bilen gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk, türkmen hem-de eýran halkyna parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler. Söh...

DOWAMY
pic
4 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

Şu gün, 3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanlary mähirli salamlaşyp, mukaddes Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hoşniýetliligi, sahawatlylygy we belent ruhy-ahlak gymmatlyklary alamatlandyrýan bu nurana baýramyň iki ýurduň hem-de halklaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, külli musu...

DOWAMY
pic
3 Maý

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ “ÖMRÜMINŇ MANYSY” ATLY NEŞIR EDILEN KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

2022-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrüminň manysy” atly neşir edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Halkara gatnaşyklary institutynyň professor- mugallymlary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler «Ömrümiň manysy» atly täze edebi-filosofik eseriniň man...

DOWAMY
pic
3 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI SEULDA GEÇIRILÝÄN XV BÜTINDÜNÝÄ TOKAÝ KONGRESINIŇ IŞINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 2-nji maýynda Seul şäherinde ministrler derejesindäki XV Bütindünýä Tokaý Kongresi öz işine başlady. Bu halkara maslahata dünýäniň 144 ýurdundan degişli pudaklaryň ministrleri, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetleriň agzalary, Seul şäherinde işleýän daşary ýurtlaryň Ilçileri we diplomatlary, şeýle-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmenistanyň wekiliýeti bu foruma göni sanly ulgam arkaly gatnaşýar. Kongressiň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletler...

DOWAMY