SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim welaýatda gowaça eki...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI POLŞA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda we ýurduň ähli halkyna Polşa Respublikasynyň milli baýramy — Konstitusiýa güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Anjeý Duda berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Polşa Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Po...
TAMAMLANAN HEPDE SÖWDANYŇ ÝOKARLANÝANDYGY BILEN TAPAWUTLANDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň hem-de beýleki döwletleriň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Türkiýe Respublikasynyň hem-de Owganystanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen EKO-93...
«AJAP ÖNÜM» HJ ŞU ÝYL TORMOZ KOLODKALARYNYŇ TÄZE 11 GÖRNÜŞINI ÖNDÜRIP BAŞLADY
?Gunt» brendi bilen Türkmenistanda tormoz kolodkalaryny ilkinji gezek önümçilige ornaşdyran «Ajap önüm» hojalyk jemgyýetiniň täze önümleri alyjylaryň ünsüni özüne çekýär. Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda ýerleşýän kärhananyň önümleriniň görnüşi yzygiderli artdyrylýar. Şu ýylyň başynda kolodkalaryň täze 11 görnüşi önümçilige ýola goýuldy. Olardan ýeňil awtoulaglara niýetlenen «Optimus» görnüşi täzeçil konstruksiýasy bilen tapawutlanýar. Täze önüm islendik temperaturada durnukly sürtülme d...
TÜRKMENISTANYŇ WE BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKI TARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ ÖSÜŞ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2022-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Abu-Dabi şäherine bolan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary depginini nygtamak bilen, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgaml...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ WE BAE-NIŇ PREZIDENTIŇ IŞLERI BOÝUNÇA MINISTRINIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BAE-niň Abu-Dabi şäherine sapar bilen gitdi. Şol gün, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Prezidentiň iş...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNY GUTLADY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe doglan güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we egsilmez gujur-gaýrat, alyp barýan işinde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady (turkmenistan.gov.tm)