SOŇKY HABARLAR
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ “ÖMRÜMIŇ MANYSY” ATLY TÄZE KITABY ÇAPDAN ÇYKDY
Milli Liderimiziň bir aýlyk dynç alşynda tamamlan «Ömrümiň manysy» atly edebi-filosofik eseri halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly jemlenmesi boldy. Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow pederlerimiziň asylly ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýmak bilen, biziň günlerimize çenli ýetip gelen çeşmeleri we maglumatlary jikme-jik öwrenip, olary täze eserinde jemläpdir hem-de ulgamlaşdyrypdyr. Bu eser ýazylyp başlanan pursadyndan, dü...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY ORAZA BAÝRAMYNY BELLEMEK HAKYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlarymyza aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin: 1. Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2022-nji ýylyň 2-nji maýynda bellemeli. 2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli eda...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, şu günler hormatly Arkadagymyzyň zähmet rugsadynda bolup, «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň üstünde işlemegi tamamlandygy we bu eseriň çapdan çykandygy baradaky hoş habary aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman...
KAKABAÝ DURDYÝEW. AKTÝOR, FILOSOF, KEMINÄNIŇ ŞYGRYÝETINIŇ MUŞDAGY
Şu ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň halk artisti Kakabaý Durdyýewiň doglan gününe 102 ýyl dolýar. Onuň döredijilik terjimehaly uruşdan soňky ýyllar başlandy. Şoňa çenli ol agyr çagalyk döwrüne duçar bolupdy, höwesjeňler studiýalarynda teatr bilen gyzyklanypdy, bilim alypdy. 1929-njy ýyl ýaş artist üçin öwrümli ýyl boldy. Ol ýaňy döredilen Mollanepes adyndaky Türkmen drama teatrynyň aktýorlarynyň hataryna goşulýar. Bu ýerde-de söwer ýaryna duşýar – teatryň aktrisasy Suraý Myradowa. Şol dö...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ AHAL WELAÝATYNYŇ GURULÝAN TÄZE EDARA EDIŞ MERKEZINDE MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN GÖÇME MEJLISINI GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz saparyň barşynda bu sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Häzirki wagtda bu ýerde gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow döwlet Baştutanymyza bu ýerde alnyp barylýan işleriň depgi...
ÝURDUMYZYŇ RAÝATLARYNYŇ TÜRKMENISTANDAN GITMEK WE GELMEK ÜÇIN PASPORTLARYNYŇ HEREKET EDIŞ MÖHLETLERI UZALDYLDY
Dünýäde ýüze çykan ýiti ýokanç keseliň pandemiýasy bilen bagly halkara gatnawlara girizilen çäklendirmeleriň netijesinde, häzirki wagtda daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak maksady bilen, şeýle hem “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 29-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ý...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI YSRAÝYL DÖWLETINIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞDY
2022-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistandaky Ysraýyl Döwletiniň täze bellenen Ilçisi hanym Bet-Iden Kaýt bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň başynda Ministr R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşine gönükdirilen diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Söhbetdeşligiň barşynda gatnaşyklary berkitmegiň, şol sanda ikitaraplaýyn syýasy, diplomatiki, söwda-yk...