SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI ÝOLLADY
Ýakynda Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen heläkçilikli ýer titreme bilen baglanyşykly Türkmenistandan Owganystana iberilen ynsanperwer ýük şu gün Kabula geldi. Bu çäre, doganlyk halkyň başyna gelen tebigy betbagtçylyga dessin jogap beren Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugyna laýyklykda geçirildi. Türkmenistan azyk harytlaryndan, däri-dermanlardan, arassaçylyk önümlerinden, we dürli hojalyk harytlaryndan ybarat bolan jemi 24 tn 700 kg ýük iberdi. Owgan halkyna ynsa...
MEDENI MIRAS MILLI BAÝLYGYMYZDYR
Her ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynyň birinde hem-de paýtagtymyzda guralmagy ýola goýlan Medeniýet hepdeligi medeniýet ulgamynyň ýeten sepgitlerini görkezmekde, döredijilik işgärleriniň arasynda tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýedir. Bu forum ata Watanymyzyň durmuşyndaky şanly wakalaryň hatarynda ýatda galyjy dabara öwrüldi. Şu günki baýramçylyk maksatnamasy Diýarymyzyň günorta sebitiniň dürli künjeklerinde geçirilýän çäreleri özünde jemläp, iň gowy däplerimiziň hem-de ynsanperwer taglymlaryň dowama...
«DAŞOGUZ» TOPARY DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ FUTBOL BOÝUNÇA KUBOGYNY EÝELEDI
?Daşoguz» toparynyň futbolçylary Türkmenistanyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde bir aýlawly ýaryşda ýeňiş gazanyp, Daşoguz welaýatynyň Kubogyny eýelediler. Hormatly baýrak ugrunda «Turan», «Daşoguz», «Almaz» (üçüsi-de Daşoguz şäheriniň toparlary), Akdepe etrabynyň «Akdepe», S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Nowbahar» we Ruhubelent etrabynyň «Ruhubelent» toparlary bäsleşdiler. Ýaryşyň bäş tapgyrynyň netijesi boýunça «Daşoguz» we «Turan» birmeňzeş möçberde (13 utuk) topladylar. Ýöne,...
MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINIŇ HEM-DE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI
Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynda daşary ýurt dillerini öwretmäge bagyşlanan onlaýn seminarlar toplumy tamamlandy. Bu çäräni «Dünýäniň medeniýetleri we sungatlary diller arkaly dostlaşýar we bitewüleşýär» şygary astynda geçen okuw-usuly hepdeliginiň çäginde D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty gurady. Hepdelik ýurdumyzda her ýyl 27-nji iýunda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanypdyr. Okuw-usulyýet seminarlary...
TÄZE HUSUSY MALDARÇYLYK HOJALYGY
Ýurdumyzda bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda-da oba hojalyk-senagaty toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, şol sanda et we süýt önümleriniň öndürilişini artdyrmaga we bu pudaga hususy sektory çekmäge gönükdirilen uly özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu işiň mese-mälim netijeleriniň biri-de Gubadag etrabynyň «Jeýhun» geňeşliginde ulanylyşa girizilmegine taýýarlyk görülýän täze hususy maldarçylyk hojalygydyr. Iki ýüz baş gara mal saklamaga niýetlenilen täze desga Türkmenistanyň Senagatçy...
WATANYMYZYŇ DÖREDIJILIK KUWWATY ARTDYRYLÝAR
Şu gün Mary welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan Medeniýet hepdeliginiň çäreleri dowam etdi. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň medeni syýasaty ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, iri we kiçi şäherlerde, oba ýerlerinde ýaşaýan adamlaryň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna gönükdirilendir. Şoňa görä-de, Diýarymyzyň ähli künjeginde häzirki zaman medeniýet we döredijilik öýleri, kitaphanalardyr konsert zallary, muzeýle...
ÇEPERÇILIK AKADEMIÝASYNYŇ TALYPLARY TEBIGATYŇ GUJAGYNDA
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary synaglaryny tabşyryp, öz işlerini 22-nji iýundan başlap, Aşgabadyň ýakynyndaky ajaýyp tebigy künjeklerde, arassa howa bolmak bilen ýerine ýetirýärler. Olaryň arasynda şekillendiriş we amaly-haşam sungaty fakultetleriniň talyplary hem bolup, talyplaryň her biri öz çekýän suratlarynda tebigaty özüçe şekillendirmäge ymtylýarlar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy ýurdumyzyň ýokary çeperçilik okuw mekdebi bolup, onda talyplar oku...