SOŇKY HABARLAR
ERKIN GÖREŞ BOÝUNÇA TÜRKMEN PÄLWANLARY ÝETGINJEKLERIŇ ARASYNDA GEÇIRILÝÄN AZIÝA ÇEMPIONLYGYNDA IKI BÜRÜNÇ MEDAL GAZANDYLAR
Gyrgyzstanyň paýtagty Bişkekde 17 ýaşly ýetginjekler we 23 ýaşa ýetmedik ýaşlaryň arasynda sport göreşi boýunça dowam edýän Aziýa Çempionlygynda Türkmenistanly pälwanlar ýene iki bürünç medala mynasyp boldular. Erkin göreş boýunça ýetginjek pälwanlaryň ýaryşynyň iň soňky gününde 8 türgeniň bäsleşýän 45 kg çenli agram toparynda bürünç medaly Azymberdi Aşyrgulyýew gazandy. Bu ýeňşiň ýolunda ol çärýek finalda Keýptasu Sigemisuny (Ýaponiýa) ýeňdi ‒ 11:9. Soňra ýarym finalda Amirmohammad Salh Nawa...
TÜRKMENISTANDA HALKARA EKOLOGIÝA FORUMY GEÇIRILDI
Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähetleri” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ol “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygynda Beýik Britaniýanyň “GaffneyСline” kompaniýasynyň ýardam bermeginde guraldy. Şu gezekki forum diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, Aşgabatdan dünýäniň onlarça ýurduna onlaýn tertibinde hem g...
RAÝATLARYMYZYŇ HUKUK GORAGYNDA
Adalat ministrliginiň ulgamyna yzygiderli onlaýn hyzmatlar girizilýär. Soňky döwürde ilatyň hukuk häsiýetli hyzmatlardan peýdalanmagyny we dürli hukuk meseleler boýunça zerur maslahatlary almagyny ýeňilleşdirýän web-saýtlar döredilýär. Şunuň ýaly web-saýtlaryň biri bolan minjust.gov.tm işe girizldi we häzir alys ýerlerde ýaşaýan ilata onlaýn tertipde hyzmatlaryny hödürleýär. Bu hyzmat bir tarapdan ýurdumyzyň raýatlarynyň wagtyny we maliýe serişdesini tygşytlamak üçin amatly mümkinçilik bolsa,...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE AZIÝA ÖSÜŞ BANKYNYŇ TÄZE BELLENEN WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň täze Direktory Artur Andrisýak bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Aziýa Ösüş Bankynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň we geljekki mümkinçiliriniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bilelikde işleriň alnyp barylýan pudaklary hökmünde energetika, senagat, ulag, söwda, bank ulgamy we beýleki ugurlar bellenildi....
TÜRKMENISTANYŇ DOKMA ÖNÜMLERI SEULUŇ “2022-IMPORT HARYTLARYŇ SERGISINDE” GÖRKEZILDI
Şu gün, 23-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçirilýän “2022-Import harytlaryň sergisiniň” açylyş dabarasy boldy. Bu abraýly çärede Türkmenistan hem ilkinji gezek özüniň dokma senagatynyň kuwwatyny görkezýär. Sergä gatnaşyjylara Türkmenistanyň ekologiýa taýdan arassa dokma önümlerini, hususan-da, «Nusaý», «Gala», «Goza», «Merw», «Bedew» ýaly haryt-nyşanly ýokary hilli egin-eşikleriň, trikotažyň, jinsiniň, keteniniň, nah we ýüpek matalaryň dürli görnüşleri görkezilýär....
TÜRKMENISTAN ÝER TITREME HELÄKÇILIGINE UÇRAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI IBERER
2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Mohammad Fazel Saber bilen duşuşygy geçirildi. Türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Owgan diplomatyna ýüzlenip Türkmenistanda Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolan heläkçilikli ýer titreme baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini belledi hem-de bu ýurduň halkyna gynanç we duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi. DIM-ni...
MEDENI FORUMYŇ DABARALY BADALGASY
Şu gün Mary şäherindäki Ruhyýet köşgünde Medeniýet hepdeligi — 2022-niň dabaraly açylyşy boldy. Milli medeniýeti gorap saklamaga, içgin öwrenmäge hem-de wagyz etmäge gönükdirilen bu giň gerimli çäre medeniýetimiziň döwletiň we jemgyýetiň ösüşinde eýeleýän, barha artýan ähmiýetli ornuny, parahatçylyk dörediji kuwwatyny açyp görkezýär. Indi onunjy gezek geçirilýän bu çäre umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna saldamly goşant goşan halkymyzyň taryhy-medeni mirasynyň köp görnüşliligine do...