SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ MARY WELAÝATYNA TOÝ SAPARY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna toý saparyny amala aşyrdy. Saparyň barşynda döwlet Baştutanymyz sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, senagat düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy. Welaýatlary durmuş-ykdys...
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET GÜMRÜK GULLUGYNYŇ MERKEZI EDARASYNDA IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň guramagynda Merkezi Aziýada serhetüsti hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleýin taslamanyň çäginde iş duşuşygy geçirildi. Iş duşuşygynyň barşynda serhetüsti hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleýin taslamany ýerine ýetirmegiň indiki tapgyry, şeýle hem 2022-2023-nji ýyllara niýetlenen çäreleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy....
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ALMATYDA DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARY BOÝUNÇA SEBITLEÝIN SAMMITIŇ IŞINE GATNAŞÝAR
2022-nji ýylyň 16-njy iýunynda Almaty şäherinde «COVID-den azat - Merkezi Aziýada adalatly dikeldiş ýolunda» atly tema bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça ikinji sebitleýin Sammit öz işine başlady. Sammit Gazagystan Respublikasynyň Hökümeti bilen Gazagystanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hyzmatdaşlygynda Ýewropa Bileleşiginiň we Aziýa ösüş bankynyň maliýe goldaw bermeginde gurnaldy. Sammitiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Muhammed...
TÜRKMENISTAN-ÇEHIÝA: YKDYSADY ULGAMDA HYZMATDAŞLYK UGURLARY
2022-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň we Çeh Respublikasynyň söwda-ykdysady ulgamynyň wekilleri göni wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde duran möhüm meselelere garadylar. Hususan-da wodorod energetikasy, ykdysady hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn hukuk binýadyny ösdürmek, Söwda-senagat edaralarynyň we işewürleriň arasynda gatnaşyklary berkitmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Wodoro...
«DEŇIZÇI» FUTZAL BOÝUNÇA BALKAN WELAÝATYNYŇ KUBOGYNY EÝELEDI
?Deňizçi» futzal topary Balkan welaýatynyň Kubogyny eýeledi. Bu üstünlige Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň topary finalda «Gumdagy» 8:1 hasap bilen utup ýetdi. Kubok ugrunda ondan öňki tapgyrda ikä bölünen 7 topar bäsleşdi. Iki-iki iň gowy toparlar ýarymfinal jübütleri emele getirdiler. Onda «Gumdag» BTUM-y 3:2 hasap bilen ýeňdi, «Deňizçi» bolsa TNDK-dan 12:0 hasap üstün çykdy. Jemleýji duşuşygyň başynda «Gumdag» 1:0 hasap bilen öňe çykyp, bu ýagdaýy 10-njy minuda çenli saklady. Emma...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ISLANDIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Islandiýanyň Prezidenti Gwýudni Ýouhannessona hem-de ýurduň ähli halkyna milli baýram — Respublikanyň jar edilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gwýudni Ýouhannessona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Islandiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64135/turkmenistanyn-prezid...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-IŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTY BÄSLEŞIK YGLAN ETDI
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Dialog ‒ parahatçylygyň kepili. Halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy» atly halkara bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň we GDA agza döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplary, magistrleri, ýaşy 30-dan uly bolmadyk ýaş mugallymlary, aspirantlary, ylmy işgärleri özüniň ýa-da awtordaşlykda ýazan, öň hiç ýerde çap edilmedik türkmen, rus, iňlis dillerindäki ylmy makalalary bilen gatnaşyp bilerl...