SOŇKY HABARLAR
TER ÖNÜMLER ÝETIŞDIRILÝÄR
Güneşli Diýarymyzyň Günbatar sebitini jähekläp oturan Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki döwrebap ýyladyşhana geçen ýylda ýurdumyzda birbada işe girizilen alty ýyladyşhana toplumlarynyň biridir. Ösen häzirki zaman ylmynyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlaryna, şol sanda sanly ulgama daýanýan bu ýyladyşhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy Sapardurdy Nazlyýewe degişli bolup, ol gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenendir. Hä...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN OWGANYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 30-njy martynda HHR-iň Tunsi şäherinde geçirilýän Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Amir Han Mottaki bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň ähmiýetini bellediler. Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň syýasy-di...
TÜRKMENISTANYŇ WE HYTAÝYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 30-njy martynda Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygynyň meýdançasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary 2021-2022-nji ýyllarda ýokary döwlet derejesindäki gepleşikleriň barşynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyny ara...
TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
Şu ýylyň 30-njy martynda Hytaýyň Tunsi şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has hem giňeldilmegi bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de olary ösdürmegiň mümkinçilikleri dogrusynda pikir alyşdylar. Hususan hem, ikitaraplaýyn sö...
HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ TOPARYNYŇ BILELIKDE BAŞLYKLYK EDIJILERINIŇ GEPLEŞIKLERI
2022-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow özüniň Hytaýa iş saparynyň dowamynda HHR-niň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çžen bilen sanly ulgam arkaly gepleşikleri geçirdi. Taraplar Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini belläp geçdiler. Şunlukda, ýokary döwlet derejesinde kemala getirilen açyk, dostlukly we işjeň syýasy gatnaşyklaryň, özara hereketleriň has-da çuňlaşdyrylmag...
NEBITGAZ PUDAGYNA DAŞARY ÝURT MAÝA GOÝUMLARYNY ÇEKMEK BOÝUNÇA HALKARA FORUM
Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlady. Forumy “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, “Gaffney Cline” britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guradylar. Paýtagtymyzda dünýäniň onlarça döwleti bilen onlaýn tertipde geçirilen bu çäräniň baş maksady ýurdumyz...
PILE ÖNDÜRMÄGE ŞERTNAMA BAGLAŞYLÝAR
Daşoguz welaýatynda pileçiler bilen pile öndürmäge şertnama baglaşylýar. Şu ýyl jogapkärli işe on iki müň bäş ýüzden gowrak kärendeçiniň gatnaşmagy çak edilýär. Olaryň ählisi ýokary hilli ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün ediler. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi, şol sanda piläniň ýokary bahadan satyn alynmagy önümiň durnukly öndürilmegine höwes döredýär we ýerli ilaty pile taýýarlamaga giňişleýin çekmäge ýardam edýär. Welaýatyň S.A.Nyýa...