SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ TARYHY BINALARYNYŇ INTERAKTIW KARTASY
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik döwlet gullugy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalr merkeziniň Geografik maglumatlar ulgamy (GMU) laboratoriýasynyň EHM üçin progammasyny işläp taýýarlan toparyna 218 belgili awtorlyk şahadatnama gowşurdy. Bu laboratoriýanyň alymlary we hünärmenleri geografik maglumatlar ulgamyndan peýdalanyp, Türkmenistanyň arheologik ýadygärlikleriniň interaktiw kartasyny düzdüler, ol ýurdumyzyň çägindäki orta asyrlar we a...
“MILLI ULGAM” SANLY ULGAMYŇ MÜMKINÇILIKLERINI ÖZ IÇINE ALÝAN DÜRLI ÇÖZGÜTLERI HÖDÜRLEÝÄR
“Milli ulgam” hojalyk jemgyýeti 2020-nji ýyldan bäri sanly ulgamyň mümkinçiliklerini öz içine alýan “akylly” şäher çözgüdini alyp barýar. Bu ýerde 30-a golaý IT hünärmenler zähmet çekýär. “Milli ulgam” özüniň alyp barýan işleriniň çäginde “akylly” ulgamlary gurnamak üçin telekom infrastruktura çözgütlerini hödürleýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugat gullugy habar berýär. “Milli ulgamyň” taslamalarynyň ýene biri “akylly” öý taslamasy bolup, ol yşykla...
SÖWDA BOÝUNÇA “TEGELEK STOL” MASLAHATY
2022-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň ýanyndaky Täjirçilik hukugynyň ösüş maksatnamasy (CLDP) tarapyndan wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly guralan “tegelek stol” maslahatynyň işine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär. Maslahatda, CLDP-niň bilermenleri elektron söwdadaky päsgelçilikleri aradan aýyrmak we elektron söwdanyň ösdürilmegi üçin zerur bolan hukuk esaslaryny döretmek boýunça halkara...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ ADYNA GUTLAG HATLARY
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň adyndan gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. Hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür hem-de iň ýokary döwlet wezipesindäki işlerinde uly üstünlikler baradaky arzuwlaryny Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Rodrigo Roa Duterte, Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti Katerina Sakellaropulu, Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç,...
HALKARA «TÜRKMENISTAN SPORT» HALKARA ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY
Neşiriň ilkinji sahypalary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kasam kabul ediş dabarasyna bagyşlanan materiallar bilen açylýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we wagyz-nesihatçysy bolmak bilen hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ýokary derejeli sportuň ösmegi ugrunda irginsiz zähmet çekýär. Türkmen türgenleriniň gazanýan üstünliklerini bütin dünýä bilýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Dilnoza Muhadowanyň «Türkmenista...
BEDEW BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN ATLY ÝÖRIŞ
Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda türkmen bedewiniň Milli baýramy bellenilýär. Şu bayram mynasybetli dürli çerelere badalga berildi. Şolaryň hatarynda uzak aralyga atly ýöriş geçirildi. Aşgabat-Mary ýolunyň kesgitlenen böleginde 60 kilometr menzili geçmek ugrunda badalga berlen ýaryşa Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, Milli atly sport merkeziniň, Türkmenistanyň döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň Go...
GDA-NYŇ 30 ÝYLLYK HYZMATDAŞLYGY RESMINAMALARDA WE FOTOSURATLARDA
Türkmen ekspozisiýasy Russiýa federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Russiýanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza-ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlap gurnan fotosuratlaryň we resminamalaryň sergisiniň aýrylmaz bölegi boldy. Serginiň dabaraly açylyşy RF-nyň DIM-niň Uly binasynda GDA ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Rus...