img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DANIÝANYŇ ŞA ZENANYNY GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daniýanyň milli baýramy — Şa zenanynyň doglan güni mynasybetli Daniýanyň Şa zenany hanym Margrete II we ýurduň ähli halkyna ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Şa zenany Margrete II tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Daniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Daniýany...

DOWAMY
pic
15 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKMENBAŞY ŞÄHERINDÄKI KÖPUGURLY HASSAHANANYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY

Balkan welaýatynda toý saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu hassahana ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýän düzümleriniň üstüni ýetirdi. Bu günki şatlykly waka Diýarymyzda raýatlaryň saglygynyň goralmagyna berilýän ägirt uly ünsüň nobatdaky subutnamasydyr. “Döwlet adam üçindir!” şygary bilen alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatda halkymyzyň bagtyýarlygy we rowaçlygy ile...

DOWAMY
pic
15 Apr

TÄZE ÝAŞAÝYŞ JAÝ TOPLUMYNYŇ DÜÝBÜNI TUTMAK DABARASY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu gün Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ähli degişli düzümleri bolan täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, günbatar sebitde-de halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, tebigy gorlary yzygiderli özleşdirmek, halkara ähmiýete eýe bolýan ulag ulgamyny çalt depginler bilen ösdürmek bilen bagly düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, T...

DOWAMY
pic
15 Apr

SURAÝ MYRADOWA. TÜRKMENISRTANYŇ TEATR SUNGATYNDA AJAÝYP MIRAS

Türkmen teatrynyň we kinosynyň ilkinji milli sahna ussatlarynyň biri Suraý Myradowa geçen ýüzýyllygyň başynda dünýä inýär. Onuň ykbaly Türkmenistanyň döredijilik intelligensiýasynyň ilkinji tapgyrynyň köp sanly wekilleriniň durmuşy we ykbaly bilen köp babatda meňzeşdir. Ol kakasyz ösüp ulaldy. Ol çagalyk ýyllarynda internatda okap terbiýe aldy we zähmet ýoluna on üç ýaşynda başlady. Häzir Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Maral Durd...

DOWAMY
pic
15 Apr

“MERKEZI AZIÝA – ÝAPONIÝA” FORMATYNDA DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ SEKIZINJI MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 15-nji aprelinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” formatda Daşary işler ministrleriniň sekizinji maslahaty geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Ýaponiýanyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň işjeň meselelerini ara alyp masahatlaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar halkara gün t...

DOWAMY
pic
14 Apr

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GÖÇME MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda toý saparynda bolmagynyň barşynda bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň günbatar welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda, şeýle-de degişli hasabatlar diňlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol milli kanunçylygy mun...

DOWAMY
pic
14 Apr

MERKEZI AZIÝADA SERHETÜSTI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA SEBITLEÝIN TASLAMANYŇ ÇÄGINDE IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 12-13-nji aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň guramagynda Merkezi Aziýada serhetüsti hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleýin taslamanyň çäginde döredilen Dolandyryş komitetleriniň iş duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili duşuşyga sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýä...

DOWAMY