SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ RF-DÄKI ILÇISI MOSKWA ŞÄHERINIŇ MERIÝASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRDI
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Niýazliýewiň Moskwa şäheriniň meriniň (häkiminiň) orunbasary, Ulag we ýol-ulag infrastrukturasynyň ösüşi Departamentiniň başlygy Maksim Liksutow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler bar bolan baý dessurlaryň hem-de toplanylan tejribeleriň esasynda Türkmenistanyň Moskwa bilen hyzmatdaşlygynyň giň mümkinçiliklere eýedigini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Hususan-da, ýerüsti ulag infra...
ÝURDUMYZDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALAŞGÄRLERI BELLIGE ALMAK ÇÄRELERI DOWAM EDÝÄR
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi boldy. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy we agzalary gatnaşdylar. Agrar partiýanyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürlän dalaşgärini bellige almak mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alyndy. Ol Agrar partiýanyň düýn geçirilen nobatdan daşary IV gurultaýynda Türkmenistan...
«EL HÜNÄRI – IL GEZER» ATLY MASLAHAT WE MUZEÝ GAZNALARYNDA SAKLANÝAN KÜRTELERIŇ SERGISI GEÇIRILDI
Türkmen zenanlarynyň çeper eliniň hünäri barada näçe aýtsaň hem az. Zenanlarymyzyň ähli döwürde öz öýüni bezän ajap halylarynyň şan-şöhraty dünýä doldy. Olar öz lybaslaryna aýratyn üns berýärler. Asyrlarboýy türkmen zenanlary lybaslaryny owadan keşdeler bilen keşdeläp, onuň milliligini has-da ösdüripdirler. Zenany yssydan-sowukdan goraýan başatgyç halk amaly sungatynyň bir bölegidir. Zenanlarymyz ony kümüş şaý-sepler bilen bezelen börügiň üstünden atynypdyrlar. Türkmenlerde zenanyň ýaşy so...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, ýaz ekişine görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslah...
ÝURDUMYZDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALAŞGÄRLERI HÖDÜRLEMEK HEM-DE BELLIGE ALMAK ÇÄRELERI DOWAM EDÝÄR
Şu gün döwlet Baştutanynyň öňdäki boljak saýlawlaryna taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi boldy. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy we agzalary, ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň başlygy gatnaşdylar. Demokratik partiýanyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürlän dalaşgärini bellige almak mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topara gelen Ministrler...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Frank-Walter Ştaýnmaýere Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. “Biz Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris” diýip, milli Liderimiz Gutlag hatynda belledi we geljekde bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutany...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI LITWA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI DÖWLETIŇ DIKELDILEN GÜNI BILEN GUTLADY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Litwa Respublikasynyň Prezidenti Gitanas Nauseda we onuň üsti bilen ýurduň ähli halkyna Litwa döwletiniň dikeldilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, Prezident Gitanas Nauseda berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Litwa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň P...