SOŇKY HABARLAR
ILATLY ÝERLERI ÜPJÜN ETMEK MAKSADY BILEN
?Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň hünärmenleri şu ýyl ulanmaga ýaramly ýerasty süýji suwly täze ýataklary agtarmak we olaryň ulanylyş gorlaryny kesgitlemek boýunça çäreler toplumyny geçirdiler. Olar Akdepe etrabynyň we Görogly etrabyndaky «Ýagtylyk» we «Yzmykşir» geňeşlikleriniň, Ruhubelent etrabynyň dolandyryş merkeziniň hem-de «Oguzhan» we «Ruhnama» geňeşlikleriniň ilatyny mundan beýläk hem arassa agyz suwy bilen üpjün etmegi maksat edinýärler....
KÖPASYRLYK TÜRKMEN-HINDI TARYHY-MEDENI GATNAŞYKLARY BAÝLAŞDYRYLÝAR
Şu gün — Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet saparynyň üçünji güni. Düýn paýtagtymyzda döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleler boýunça ýokary derejedäki gepleşikleri üstünlikli geçirildi. Geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklaryň gazanylmagy, olaryň döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösd...
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ADYNDAKY HAÝYR-SAHAWAT GAZNASY HOWANDARLYGA MÄTÄÇ ÇAGALARYŇ OPERASIÝA BEJERGILERI ÜÇIN SERIŞDELERI BÖLÜP BERMEGI DOWAM EDÝÄR
Gadymy döwürlerden bäri nurana geljegi röwşen umytlar bilen baglanyşdyrýan çagalar — ösüp gelýän nesil baradaky alada Türkmenistanyň halkara kadalara hem-de halkymyzyň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Çagalary hemmetaraplaýyn alada we mähir bilen gurşap almak milletimize mahsus asylly ýörelgedir. Munuň özi häzirki zaman türkmen jemgyýetinde has-da aýdyň ýüze çykýar hem-de halkymyzyň durmuş we ru...
KÖPÇÜLIKLEÝIN EKOLOGIK ÇÄRELER WATANYMYZYŇ GÜLLÄP ÖSMEGINE GOŞANTDYR
Aşgabat şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan ekologik çäräni guramak baradaky başlangyç bilen çykyş etdiler. Onuň çäklerinde şu ýylyň 4-nji aprelinden 11-nji apreli aralygynda sagat 08:00-dan 18:00-a çenli paýtagtymyzyň köçelerinde şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi ulaglaryndan, şeýle hem ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendiriler. Ekologik abadançylyk baradaky alada hormatly Prezidentimiz...
AHAL WELAÝATYNYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNYŇ DÜZÜMLERINIŇ ÜSTÜNI ÝETIREN TÄZE DERMANHANA
Şu gün Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini nazarlaýan özgertmeler maksatnamasyny, ilkinji nobatda, «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde bina edilen täze dermanhana açyldy. Hut şu uzak möhletleýin strategik maksatnama ösüşiň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyrylan täze tapgyrynda ýurdumyzyň durmuş ugurly syýasatyny kesg...
MÄNE BABA ÇEPER-PUBLISISTIK FILMI DÜŞÜRILÝÄR
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilim» birleşiginde «Mäne Baba» atly dowamlylygy gysga 30 minutlyk çeper-publisistik filmi düşürilýär. Bu filimde Gündogaryň beýik akyldary, «Söz äleminiň Soltany» diýen ada eýe bolan Abu Seýit Abul Haýyr – Mäne Babanyň ömür menzilleri we döredijilik dünýäsi barada giňden gürrüň berilýär. Film Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet ko...
«TÜRKMEN SAHYSY» – TÄZE SPEKTAKL
Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseri boýunça halk rowaýatlarynyň gahrymanlarynyň biri Hatamtaý hakynda «Türkmen sahysy» atly täze spektakl goýuldy. Sahylygy bilen ady ile dolan Hatamtaýyň sahawatlylygy we ynsanperwerligi barada gürrüň berýän rowaýatlar biziň günlerimize çenli ýetip gelipdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda mysal getirilen tymsalam muňa şaýatlyk edýär: «...