SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ KARARY
Adalatçyny saýlamak hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 2022-nji ýylyň 2-nji aprelinde bolup geçen on ýedinji maslahatynda Adalatçyny saýlamak boýunça geçirilen gizlin ses bermegiň netijeleri esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär: Ýazdursun Gurbannazarowany Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy saýlamaly. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mej...
REJEP REJEBOW WE ONUŇ KINO SAZLARYNYŇ ÄLEMI
Bir gezek tanymal kinorežisýor Bulat Mansurow Rejep Rejebowyň Magtymguly hakynda romansyny diňläpdir. Romans Mansurowa şeýle güýçli täsir edipdir welin, ol P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa konserwatoriýasyndan öz ildeşi – dördünji ýyl talybyny gözläp tapýar. Olar tanyşýarlar, hoşlaşanlarynda Mansurow: «Biz hökman bile işleşeris» – diýýär. Kino sazlar kompozitoryň dörejiliginiň esasy ugrularynyň birine öwrülýär, ol juda köp – 59 filme saz ýazýar. Galyberse-de, Nury Halmämmedow Rejep Jumaýewiçiň...
HALKARA BÄSLEŞIGINDE GAZANYLAN ÜSTÜNLIK
Daşoguz welaýatynyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň dördünji ýyl talyby Akbar Kamalow üflenip we urlup çalynýan saz gurallynda saz çalýanlaryň III Halkara bäsleşiginde uly üstünlik gazandy. Mart aýynda Latwiýada geçirilen öz saz eserleriniň wideoýazgysyny hödürlän sazandalaryň «Wind stars» gaýybana bäsleşginde ildeşimiz Pablo de Sarasateniň «Sygan heňlerini» we Nury Halmämmedowyň «Sonatasyny» ksilifonda çalyp, ikinji derejeli diploma mynasyp boldy. Emin agzalary ýaş sazandanyň us...
TÜRKMENISTANLY FUTZALÇYLAR AZIÝA KUBOGY – 2022 ÝARYŞYNYŇ SAÝLAMA TAPGYRYNA GATNAŞÝARLAR
Futzal boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary 10-12-nji aprelde Aziýa Kubogy -2022 ýaryşynyň saýlama tapgyryna gatnaşmak üçin Bişkege gitdiler. Türkmensitanyň Futbol federasiýasynda habar bermegine görä, milli ýygyndynyň futbolçylary Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Türkmenabada uçdular, ol ýerdenem awtobusly «Farap» BGN-na bardylar. Serhetden geçmek üçin zerur amallardan geçibem, topar Özbegistana bardy. Saýlama ýaryşdan öň Türkmenistanyň ýygyndy topary Daşkentde kiçeňräk okuw-türgenleşi...
HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARYNYŇ DOWAMYNDA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-HINDI BEÝANNAMASY
1. Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Onuň Alyhezreti Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Şri Ram Nath Kowind 2022-nji ýylyň 1–4-nji aprelinde Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy. Bu sapar Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana taryhda ilkinji sapary bolup durýandygy bilen bellidir. 2. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Hindistan Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklar...
HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY
2022-nji ýylyň 1-nji aprelinde Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynyň öňündäki meýdançada Hindistan Respublikasynyň Liderini resmi garşylamak dabarasy boldy. Bu ýerde Prezident Ram Nath Kowindi Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli mübärekledi. Iki ýurduň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, ýörite bellenen ýere geçdiler. Hormat garawulynyň serkerdesi...
GYZYL KITABA GIRIZILEN ÇIGILDEMLER AŞGABADYŇ BOTANIKA BAGYNDA GÜLLEÝÄR
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynyň hünärmenleri fenologik gözegçilikleriň netijesinde Türkmenistanyň köp endemik ösümlikleriniň: Regeliň eremurusynyň, Köpetdag gyzganynyň, Bunge bägülüniň, sazagyň, gozaly iňňeýapraklylaryň ösüşini we çigildemiň çägesöw ýerde gülleýändigini bellediler. Türkmenistandaky tebigy çigildemler ir (fewral aýynyň ahyrynda ‒ mart aýynyň başynda) güllemegi we dürli reňkleri: açyk gyzyl, gülgüne, sary we sarymtyl bilen ünsi özüne çe...