SOŇKY HABARLAR
HOWDANYŇ GURLUŞYGY DOWAM ETDIRILÝÄR
Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň çäginde ýerleşýän, Amyderýanyň gyrmançaly mele suwuny durlamak, Garagum derýasyndan suwy bökdençsiz akdyrmak üçin bol suw goruny döretmek we Garagum derýasynyň üsti bilen ýurdumyzyň Mary, Ahal we Balkan welaýatlarynynyň ekerançylyk meýdanlaryny suwarmak maksady bilen ýurdumyzyň günorta – gündogarynda, öňki Zeýit, 2006-njy ýyldan bäri bolsa, «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» suw howdany hereket edýär. 2015-nji ýylda gurluşygynyň 1-nji tapgyry tamamlanyp, 2,2 milliard ku...
«EDEPLI HEM ÇEPER ELLI TÜRKMEN GÖZELI» ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamaklarynda «Edepli hem çeper elli türkmen gözeli» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşige paýtagtymyz Aşgabat şäherinden we welaýatlaryndan gelen gyzlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň birnji bölümi «Gyz edebi-il edebi» diýlip atlandyrylyp, gyzlaryň sagdyn durmuş ýörelgeleri, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek terdibi...
HÄZIRKI ZAMAN TÜRKMEN MULTIPLIKASIÝA SUNGATY
Multfilmler çagalaryň iň gowy görýän güýmenjesidir. Eger çagalygymyzy ýada salsak, dürli ýaşdaky ‒ 7 ýaşdan 70 ýaşa çenli adamlaryň ajaýyp multiplikasiýa filmlerine tomaşa etmegi halaýandyklaryny çaklap bileris. Biz köplenç mawy ekranda hereket edýän gahrymanlara tomaşa edýärkäk, multfilm döretmegiň tehniki tarapy hakynda pikir etmeýäris, eýsem-de bolsa täze tehnologiýalaryň ýüze çykmagy bilen, suraty «janlandyrmak» işi-de üýtgedi ahyryn. «AA»-nyň habarçylary Aşgabat studiýalaryndan «Mahabat...
MYHMAN – SUPRA ÝARAŞYGY
Mart aýynyň soňky güni Gazagystan respublikasynyň Al-Faraby adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň wekilleri Gündogar myhmansöýerligine bagyşlanan onlaýn-seminar geçirdiler. Çäräniň çäklerinde myhman kabul etmekligi, öý eýesiniň amal etmeli, myhmanlary saçak başynda ýerleşdirmegiň we tagamlary myhmanlaryň arasynda paýlamagyň düzgünleri ýaly meseleleri öz içine alýan gündogar edem-gylymlarynyň aýratynlyklaryny seljermäge bagyşlanan çykyşlar boldy. Foruma gatnaşanlar myhmansöýerligiň sebitiň i...
LÝUKSEMBURGDA GEÇIRILÝÄN 2022-NJI ÝYLYŇ DÜÝNÄ ÇEMPIONATYNA GATNAŞJAK HOKKEÝ BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ MILLI ÝYGYNDY TOPARYNYŇ DÜZÜMI BELLI BOLDY
3-nji aprelde Lýuksemburgda başlaýan düýnä çempionatyna üçünji diwizionda «A» toparda çykyş etjek Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndy toparynyň hatarynda 20 türgen bolar. Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň başlygy Jora Hudaýberdiýewiň «AA»-nyň habarçysyna aýtmagyna görä, milli ýygyndyda IIM-niň «Galkan» toparyndan 17 türgen, derwebanlaryň ikisem – Kerimli Çaryýew we Rahman Myradow, «Şir» toparyndan goragçy Öwezguly Esenow we hüjümçi Arslan Amanow, «Oguzhan» toparyndan bolsa goragçy...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI OWGANYSTAN BILEN GOŇŞY ÝURTLARYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ 3-NJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 31-nji martynda HHR-niň Tunsi şäherinde Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Ministrler derejesindäki üçünji maslahaty öz işine başlady. Çäräniň başynda HHR-nyň Başlygy Si Szinpiniň Gutlagy okaldy hem-de BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrişiň wideoýüzlenmesi görkezildi. Öz çykyşynda Ministr R.Meredow nobatdaky duşuşygyň Türkmenistan tarapyndan Owganystanda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi, bu ýurduň geljekde hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrundaky utgaşykly çemeleşm...
TÜRKMEN-AZERBAÝJAN BILELIKDÄKI TOPARYNYŇ TÜRKMEN BÖLEGI DÖREDILDI WE ONUŇ DÜZÜMI TASSYKLANYLDY
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparyny döretmek hakyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparynyň türkmen bölegi döredildi we onuň düzümi...