SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE HYTAÝYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 30-njy martynda Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygynyň meýdançasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary 2021-2022-nji ýyllarda ýokary döwlet derejesindäki gepleşikleriň barşynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyny ara...
TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
Şu ýylyň 30-njy martynda Hytaýyň Tunsi şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has hem giňeldilmegi bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de olary ösdürmegiň mümkinçilikleri dogrusynda pikir alyşdylar. Hususan hem, ikitaraplaýyn sö...
HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ TOPARYNYŇ BILELIKDE BAŞLYKLYK EDIJILERINIŇ GEPLEŞIKLERI
2022-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow özüniň Hytaýa iş saparynyň dowamynda HHR-niň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çžen bilen sanly ulgam arkaly gepleşikleri geçirdi. Taraplar Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini belläp geçdiler. Şunlukda, ýokary döwlet derejesinde kemala getirilen açyk, dostlukly we işjeň syýasy gatnaşyklaryň, özara hereketleriň has-da çuňlaşdyrylmag...
NEBITGAZ PUDAGYNA DAŞARY ÝURT MAÝA GOÝUMLARYNY ÇEKMEK BOÝUNÇA HALKARA FORUM
Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlady. Forumy “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, “Gaffney Cline” britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guradylar. Paýtagtymyzda dünýäniň onlarça döwleti bilen onlaýn tertipde geçirilen bu çäräniň baş maksady ýurdumyz...
PILE ÖNDÜRMÄGE ŞERTNAMA BAGLAŞYLÝAR
Daşoguz welaýatynda pileçiler bilen pile öndürmäge şertnama baglaşylýar. Şu ýyl jogapkärli işe on iki müň bäş ýüzden gowrak kärendeçiniň gatnaşmagy çak edilýär. Olaryň ählisi ýokary hilli ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün ediler. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi, şol sanda piläniň ýokary bahadan satyn alynmagy önümiň durnukly öndürilmegine höwes döredýär we ýerli ilaty pile taýýarlamaga giňişleýin çekmäge ýardam edýär. Welaýatyň S.A.Nyýa...
MEDENIÝET INSTITUTYNYŇ TALYPLARY SYNAGY ÜSTÜNLIKLI TABŞYRDYLAR
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň aktýorlyk we režisýorlyk fakultetleriniň bäşinji ýyl talyplary Magtymguly Myşşyýewiň pýesasy boýunça Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda goýlan «Ene» diplom spektaklynda hakyky aktýorlar kimin çykyş etdiler. Akgözel eje iki ogul ýetişdirýär, olar ulalansoň şäherde ýerleşip, maşgalaly bolýarlar. Ejesiniň halyndan habar almaga wagt tapmaýarlar. Akgözel ejäniň haly agyr diýip ogullaryna habar gowuşýar. Öýüň boşdugyny görüp, miras bölüşmäge başlaýarlar....
ÝHHG "LAPIS-LAZULI" ULAG-ÜSTAŞYR GEÇELGESI HEM-DE HAZAR DEŇZINIŇ SEBITINDE ÖZARA BAGLANŞYKLYLYGYŇ GÜÝÇLENDIRILMEGI BOÝUNÇA SEMINAR GEÇIRDI
2022-nji ýylyň 28-nji martynda Aşgabatda ÝHHG tarapyndan guralan «Lapis-Lazuli» ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça sebitleýin seminar öz işine başlady. Gibrid görnüşinde geçirilen iki günlük seminar «Lapis-Lazuli» ulag-üstaşyr geçelgesiniň durmuşa geçirilmegi boýunça strategiýanyň görkezilmegi maksady bilen guraldy. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi geçelgäniň hereketini üpjün etmek üçin «Lapis-Lazuli» ulag we üstaşyr geçelgesi baradaky ylalaşyga gol çeken ýurtlara goldaw bermegiň çäklerinde onuň d...