SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET GÜMRÜK GULLUGYNDA PUDAGARA MASLAHAT GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda «Ýurdumyzda üstaşyr ulag geçirijiligi we logistikany ösdürmek, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak» atly pudagara maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär. Pudagara maslahata Gullugyň harby gullukçylary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň düzüm birlikleriniň hem-de «Türkmen Logistika» asso...
SYÝAHAT WE GÖZEGÇILIK ÜÇIN ELEKTRON KARTALAR
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Geografik maglumatlar ulgamy barlaghanasynda geografik maglumatlar ulgamy ulanylyp, sanly tematiki kartalaryň birnäçesi işlenilip taýýarlanyldy. Hususan-da, döwrebap sanly tehnologiýalardan, maglumatlar gorundan we uzak aralykdan barlaglardan peýdalanylyp, Türkmenbaşy şäheriniň we «Awaza» milli syýahartçylyk zolagynyň awtomobil ýol görkeziji kartrasy döredildi. Döwrebap sanly karta “Garmin” awtonawigasiýa ulgamynda, şeýle hem ykj...
TÜRKMENISTANDAN KONTEÝNER ÝÜKLI OTLY HYTAÝA BARDY
Türkmenistandan Gazagystanyň üsti bilen ugradylan konteýner ýükli otly bäş günden Hytaýa bardy. Konteýner ýükli otluda gips ýüklenen kyrk futluk konteýnerleriň 42-si bar. Türkmenistandan we Gazagystandan ýüküň bellenilen ýerine çenli uzaklygy 4150 kilometr bolup, onuň 3450 kilometri Gazagystanyň içinden geçýär. Türkmenistanyň we Gazagystanyň çäginden ugradylan konteýner ýükli otlynyň ekspeditory «KTZ Express» PJ we «Türkmenistanyň Ulag-logistika Merkezi» AGPJ-dir. «Türkmenistanyň Ulag-l...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MEKSIKANYŇ BIRLEŞEN ŞTATLARYNYŇ PREZIDENTINI IKITARAPLAÝYN DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Andres Manuel Lopes Obradora we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. «Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de öza...
TÜRKMENISTANYŇ WE SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ DIM-LERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew, Saud Arabystanynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Walid Abdulkarim El-Hereýji ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny we möhüm...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BANGLADEŞ RESPUBLIKASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNY GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Abdul Hamide, Bangladeş Halk Respublikasynyň Premýer-ministri hanym Şeýh Hasina hem-de ýurduň halkyna Bangladeş Halk Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Mohammad Abdul Hamide, Premýer-ministr hanym Şeýh Hasina berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Bangladeşiň halkyna bolsa para...
HOŞ GELDIŇ, DALAŞGÄR!
Häzirki ýaz günleri, öňden gelýän däbe görä, ýokary okuw mekdepleri Açyk gapylar gününi geçirmäge taýýarlyk görýärler. Ol ýokary okuw mekdepleri we geljekki käri saýlamakçy bolýan ýa-da eýýäm saýlan ýaşlar üçin jogapkärli çäredir. Açyk gapylar günleri ýokary okuw mekdepleriniň durmuşy, okuw maksatnamalary bilen ýakyndan tanyşmaga, fakultetleriň wekilleri bilen söhbetdeş bolmaga, şeýle hem okuwa girmek meselesi boýunça degerli maslahat almaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Daşary işler min...