SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÝAPONIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2022-nji ýylyň 13-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda Ýaponiýanyň Hökümetiniň Başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, iň ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Premýer-ministr Fumio Kisida köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň dowam etdiril...
TEHNIKI UGLEROD ÖNDÜRÝÄN ZAWOD ULANMAGA BERILDI
Şu gün Mary etrabynda täze önümçilik desgasy — ýyllyk kuwwatlylygy 3 müň tonna tehniki uglerod öndürmäge niýetlenen zawod açylyp ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňde goýan giň gerimli wezipelerine laýyklykda, Türkmenistan täze taryhy eýýamda ykdysadyýeti senagatlaşdyrmakdan ugur alyp, täzeçil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, diwersifikasiýalaşdyrylan senagat toplumyny döretmegi maksat edinýär. Bu bolsa pudaklaryň düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmagy, Watany...
TÜRKMENBAŞY HALKARA DEŇIZ PORTUNDA GÜMRÜK AMALLARY WE HYZMATLARY KÄMILLEŞDIRILÝÄR
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ýurdumyzyň çäginden geçýän iri halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň ugrunda ýerleşýän Türkmenbaşy halkara deňiz portunda gümrük amallaryny we hyzmatlary kämilleşdirmek boýunça pudagara iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär. Oňa Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri, Türkmenbaşy halkara deňiz portunda gümrük a...
ÝÜPEK GURÇUGYNY IDETMEK IŞLERI GYZGALAŇLY DOWAM EDÝÄR
Lebap welaýatynyň ýüpekçileri şu möwsümde ykdysadyýetimiz üçin gymmatly çig mal bolan piläniň 1010 tonnasyny öndürmekligi maksat edinýärler. Bu bolsa ýurdumyzda jemi öndürilýän 2300 tonna piläniň 50 göterimine golaý. Welaýatyň Halaç etrabynyň ýüpekçileriniň 200 tonna, Çärjew etrabynyň ýüpekçileriniň 173 tonna, Dänew hem-de Saýat etraplarynyň ýüpekçileriniň hem degişlilikde 140 we 132 tonna pile tabşyrmaklyga borçlanmaklary aýratyn bellärliklidir. Gündogar sebitiň çägindäki etraplaryň ählisinde b...
«ÝÜREGE TARAP ÝOL» ATLY HALKARA YLMY-AMALY ONLAÝN MASLAHAT
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde onlaýn görnüşinde «Ýürege tarap ýol» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we Derman senagaty ministrligi, Ýüpek ýolynyň ýürek sazlaşygynyň Jemgyýeti, şeýle hem Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan gurnaldy. Maslahata saglygy goraýyş ugry boýunça Türkmenistanyň, Gruziýanyň, ABŞ-nyň öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda interwasion kordiologiýa we aritmolo...
TÜRKMENISTANYŇ FUTZAL BOÝUNÇA MILLI ÝYGYNDYSY AZIÝANYŇ KUBOGY – 2022-NIŇ FINAL TAPGYRYNA ÇYKDY
Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy saýlama tapgyrynyň netijesinde Aziýanyň Kubogy – 2022-niň final tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy habar berýär. Merkezi we Günorta sebitinde geçirilýän saýlama ýaryşynda Gyrgyz Respublikasynyň (3:1), Eýranyň (0:3) hem-de Maldiwleriň (7:0) ýygyndy toparlary bilen “A” toparçada bäsleşen ýygyndy toparymyz 6 utuk toplap, toparçany ikinji orunda tamamlamagy başardy. Şeýlelikde, ýurdumyzyň futzal ýygy...
INTERNET DÜKANLARY MÜŞDERILER ÜÇIN YZYGIDERLI ARZANLAŞYKLARY GEÇIRIP DURÝAR
Häzirki wagtda ýurtda sanly ulgamy ornaşdyrmak, onuň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak yzygiderli kämilleşýär. Döwrebap elektron söwda we eltip bermek hyzmaty hem munuň aýdyň mysaly bolup, türkmen paýtagtynda ýerleşýän internet dükanlary hem müşderileri höweslendirmek maksady bilen arzanlaşyklary, sowgatly günleri yzygiderli yglan edýärler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekiçiler birleşmesi habar berýär. “Gerekli” internet söwda meýdançasy “Premium” derejä çykan müşderilerin...