SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI OLEG KONONENKONY KOSMONAWTIKA GÜNI BILEN GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, tälimçi-kosmonawt-synagçy Oleg Kononenka hünär baýramy — Kosmonawtika güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz hormatly we jogapkärli işiniň ähmiýetini belläp, oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we kosmonawtikada täze açyşlary arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady (turkmenistan.gov.tm)
DAŞARY ÝURT IŞEWÜR TOPARLARYNYŇ WEKILLERI AWTOBENZINI, SUWUKLANDYRYLAN GAZY WE TEKSTIL ÖNÜMLERINI SATYN ALDYLAR
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 63-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Seýdiniňnebiti gaýtadan işleýän zawodynda hem-de «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gaz Türkiýäniň, Bolgariýanyň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçilerini...
DAŞARY ÝURT DILINDÄKI TÄZE EDEBIÝATLAR
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň düzümine girýän daşary ýurt dillerindäki edebiýat bölüminiň gaznasynyň üsti iňlis dilinde terjime edilen Diýarymyzyň kitap önümleriniň neşirleri bilen ýetirildi. Täze edebiýatlaryň hatarynda Arkadagymyzyň işleri – «The Bright Path to Prosperity», «Medicinal Plants of Turkmenistan XIII volume», «The 15th summit of the economic cooperation organization» diýen neşir hem-de «Interviews given by the President of Turkmenistan Gurbangu...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AMERIKANYŇ BIRLEŞEN ŞTATLARYNYŇ PREZIDENTINI IKITARAPLAÝYN DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ 30 ÝYLLYGY BILEN GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlagyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda geçen döwrüň içinde Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýandygyny we häzirki wagtda onuň üstünlikli dowam etdirilý...
TÜRKMENISTAN — RUSSIÝA: ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYK GIŇELDILÝÄR
9-njy aprelde Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, ýurdumyza iş sapary bilen gelen Hökümet Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen 8-nji ap...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman öz ýurdunyň hökümet wekiliýetine baştutanlyk edip, Aşgabada iş sapary bilen geldi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip hem-de Russiýada Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ähmiýet berilýändigini nygtap, hormatly Prezidentimiz Se...
BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI MYNASYBETLI
Her ýylyň 7-nji aprelinde, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän dürli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Bu çärelere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri – talyp ýaşlar işeňňir gatnaşdylar. Baýramçylyk çäreleriniň dowamynda sportyň dürli görnüşleri, şol sanda milli sport oýunlary boýunça ýaryşlar, şeýle hem konferensiýalar, brifingler we ylmy-maslahatlar geçirildi. Bayramçylyk çäreleriniň çäklerinde ylgamak boýuça ge...