SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Mian Muhammad Şahbaz Şarife Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky ýyllaryň dowamynda emele gelen köpugurly gatnaşyklaryň özara ýakynlygy bilen tapawutlanýandygyny nygtap, dost-doganlygyň we birek-birege hormat goýmagyň baý tejribesine esaslanýan bu gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-d...
GENDER DEŇLIGINI ÜPJÜN ETMEKDE HALKARA HYZMATDAŞLYK
Şu gün sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň nobatdaky iş maslahaty geçirildi. Maslahat ýurdumyzyň 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde guraldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Merkezi Aziýa döwletlerinden dialoga agzalar hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edaralaryndan wekiller gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine bu düzümiň işiniň ýyllyk meýilnamasy we Düzgünnamasy bilen ba...
TÜRKMENISTAN — BMG: ADAM HUKUKLARY ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK
Şu gün “Türkmenistanyň Konstitusiýasy — adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepili” ady bilen utgaşykly görnüşde okuw maslahaty geçirildi. Oňa döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýatlardaky Adam hukuklary boýunça maglumat merkezleriniň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň işgärleri we bilermenleri gatnaşdylar. Çäre “Türkmenistanyň adam hukuklary babatda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» ornaşd...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI OLEG KONONENKONY KOSMONAWTIKA GÜNI BILEN GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, tälimçi-kosmonawt-synagçy Oleg Kononenka hünär baýramy — Kosmonawtika güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz hormatly we jogapkärli işiniň ähmiýetini belläp, oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we kosmonawtikada täze açyşlary arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady (turkmenistan.gov.tm)
DAŞARY ÝURT IŞEWÜR TOPARLARYNYŇ WEKILLERI AWTOBENZINI, SUWUKLANDYRYLAN GAZY WE TEKSTIL ÖNÜMLERINI SATYN ALDYLAR
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 63-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Seýdiniňnebiti gaýtadan işleýän zawodynda hem-de «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gaz Türkiýäniň, Bolgariýanyň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçilerini...
DAŞARY ÝURT DILINDÄKI TÄZE EDEBIÝATLAR
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň düzümine girýän daşary ýurt dillerindäki edebiýat bölüminiň gaznasynyň üsti iňlis dilinde terjime edilen Diýarymyzyň kitap önümleriniň neşirleri bilen ýetirildi. Täze edebiýatlaryň hatarynda Arkadagymyzyň işleri – «The Bright Path to Prosperity», «Medicinal Plants of Turkmenistan XIII volume», «The 15th summit of the economic cooperation organization» diýen neşir hem-de «Interviews given by the President of Turkmenistan Gurbangu...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AMERIKANYŇ BIRLEŞEN ŞTATLARYNYŇ PREZIDENTINI IKITARAPLAÝYN DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ 30 ÝYLLYGY BILEN GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlagyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda geçen döwrüň içinde Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýandygyny we häzirki wagtda onuň üstünlikli dowam etdirilý...