img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Few

SAZAK – GARAGUM SÄHRASYNYŇ GUDRATY

Garagum sährasy diýlende türkmeniň kalby ýaly giň, aňyrsyna – bärsine göz ýetmeýän ýaýylyp ýatan aňňat – aňňat gum depeleri, Günüň mährini, topragyň tagamyny, ýaşaýşa bolan bimöçber yşky özünde jemleýän ösümlik dünýäsi göz öňüňde janlanýar. Garagum sährasy ýurdumyzyň genji – hazynasydyr, onda bitýän ösümlikler bolsa, bu ümmülmez ýaýlanyň gözellik we tebigy keşbini emele getirýän täsinlikler dünýäsidir. Garagum sährasynyň tokaýlyklary köpdürlüligi we ýaşy boýunça biri–birinden tapawutlanyp, bi...

DOWAMY
pic
17 Few

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ÝOKARY TIZLIKLI AŞGABAT — TÜRKMENABAT AWTOBANYNYŇ NOBATDAKY TAPGYRYNYŇ GURLUŞYGYNA BADALGA BERDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygynyň başlanmagy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler, adamlaryň durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi hem-de şä...

DOWAMY
pic
17 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI IKITARAPLAÝYN DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGY BILEN GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Geçen döwürde ikitaraplaýyn gatnaşyklary özara hormat goýmak, düşünişmek, deňhukuklylyk hem-de açyklyk ýörelgeleri esasynda ösdürmek babatda möhüm işler alnyp baryldy diýip, mil...

DOWAMY
pic
17 Few

YLMY IŞLÄP TAÝÝARLAMALAR – ÖNÜMÇILIGE: BUÝAN TOŞAPLY BULKAJYKLAR WE MINERAL SUWY

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasy ylmy ugurlaryň birnäçesini birleşdirýän, şol sanda biomaglumatlar tehnologiýalary babatda barlaglar geçirýär. Barlaghananyň işi ýurdumyzyň azyk bolçulygyna gönükdirilendir. Biz farmakognoziýa ugrundan hünärmenler bilen söhbetdeş bolanymyzda häzirkizaman farmokognostika barlaglarynyň dermanlyk ösümlikleriň we olardan alynýan dermanlaryň görnüşleriniň sanynyň köpelendigini  bildik. Şeýle hem bizi çig maly almagyň dürli us...

DOWAMY
pic
17 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANAN SPORT ÝARYŞLARY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 16-17-nji fewralynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Aşgabatda ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň toparlarynyň gatnaşmagynda sport ýaryşlary geçirildi. Ýaryşlar sportuň tennis, kiçi tennis, bilýard we woleýbol görnüşleri boýunça dört ugurda geçirildi. Bilýard boýunça «Rus piramidasy» oýnunda ABŞ-nyň Ilçihanasy birinji oruna mynasyp boldy. Billia...

DOWAMY
pic
17 Few

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝHHG-NYŇ AŞGABATDAKY MERKEZINIŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

Şu gün, 17-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili R.Kastberg bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine garaldy.  2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk hem ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry boldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu Guramanyň agza-ýur...

DOWAMY
pic
17 Few

DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TÜRKMEN-RUS ÖZARA HEREKETLERINIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

Şu gün, 17-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.O.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ministrler Altynjy Hazar sammitiniň taýýarlygy bilen bagly meselelere hem seredip geçdiler. Daşary işler ministrleri türkmen-rus özara hereketleriniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar (mfa.gov.tm)

DOWAMY