RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY EÝRANYŇ NEBIT MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

2021-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda EYR-na saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Jawad Owji bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Eýranyň energetika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtamak bilen, taraplaryň bu ugurdaky ähmiýetli başlangyçlarynyň sebit hem-de halkara düzümleriniň çäklerinde yzygiderli goldanylýandygyna kanagatlanma bildirdiler. Ýurtl...

DOWAMY
pic
26 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2021-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, goňşy ýurduň Baştutanyny Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Prezident Şawkat...

DOWAMY
pic
26 Okt

«TÜRKMENISTANYŇ ENERGETIKA DIPLOMATIÝASY» – HALKARA SEMINARYŇ ESASY TEMASY

Energetika diplomatiýasynyň strategiýalaryny işläp taýýarlamakda we ilerletmekde öňdebaryjy halkara tejribesi – 2021-nji ýylyň 21-22-nji oktýabrynda ÝHHG-nyň guran onlaýn-seminarynyň üns merkezinde boldy. Seminara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki degişli edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Russiýa Federasiýasyndan halkara bil...

DOWAMY
pic
26 Okt

ŞALY ORAGY DOWAM EDÝÄR

Türkmenistanyň demirgazygynda şaly oragy ýokary depginde dowam edýär. Jogapkärçilikli döwürde öndürijiligi ýokary bolan 120 sany häzirki zaman kombaýny we galla daşamak üçin ýüz töweregi ýük ulagy işleýär. Bu ýyl Daşoguz welaýatynda şaly meýdanlary ýene-de sekiz müň bir ýüz gektar ýeri eýeledi, şondan daýhanlar otuz bäş müň tonna şaly hasylyny ýygnamagy maksat edinýärler. Ajaýyp tagamly, ýokary hasyllylygy we kesele durnuklylygy netijesinde, sebitde aýratyn baha mynasyp bolan «Müňbaşy», «Nüküs-2...

DOWAMY
pic
25 Okt

HOWANYŇ SOWAMAGY WE ÝAGYN: TÜRKMENISTANDAKY HOWA BARADA GYSGAÇA MAGLUMAT

Türkmenistanda oktýabr aýynyň soňky hepdesi üçin deslapky howa çaklamalary ýagyş ýagjakdygyny duýdurýar. Hepdäniň ortalaryndan howa esli derejede sowar. Köpetdagyň daglyk ýerlerinde güýçli ýagyn ýagar, ol ýerlerde gar ýagmak ähtimallygy-da aradan aýrylmaýar. Aşgabatda +18 ... + 20°C güneşli howa gündizine + 13 ... + 15°, gijelerine + 4 ... + 6° çenli aşaklap biler. Wagtal-wagtal ýagyş ýagmagy mümkin. Hepdäniň dowamynda Ahal welaýatynda-da howa sowar, ol ýerde-de ýagyş ýagmagy çak edilýär....

DOWAMY
pic
25 Okt

NOHURA SYÝAHAT

?Döw gowagy», Köpetdag erezindäki Üç guýy hem Hur-Hury şaglawugy nirede? Bu sowallara Ahal welaýatyndaky Nohur obasynyň ilaty aňsat jogap berip biler. Dünýäniň iň gözel ýerleriniň sanawyna giren owadan tebigat künjegi Aşgabatdan birnäçe sagat uzaklykda ýerleşýär. Nohura syýahat bu ýere gelmezden has öň başlanýar. Köpi gören syýahatçylar, rowaýata görä, obanyň adynyň «noh» we «hаr» – «on eşekli» sözünden gelip çykandygyny aýdýarlar. Olaryň aýtmagyna görä bir wagtlar tebigatyň bu gözel ýerle...

DOWAMY
pic
25 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

Öň hem habar berlişi ýaly, 2021-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Saparynyň birinji güni Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde Döwlet ýolbaşçylary naýbaşy ahalteke bedewlerine syn etdiler. Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ajaýyp çykyşlaryna tomaşa et...

DOWAMY